"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

«Toyota Motor» 2023-nji maliýe ýylynda 10,3 milliondan gowrak awtoulag satdy

Ýaponiýada iň uly awtoulag öndüriji kompaniýa bolan «Toyota Motor» 2023-nji maliýe ýylynda (2023-nji ýylyň aprel aýy — 2024-nji ýylyň mart aýy) dünýädäki zawodlarynda 9,97 milliondan gowrak awtoulag çykardy, bu hem kompaniýanyň taryhynda rekord boldy. Bu barada kompaniýanyň resmi hasabatynda habar berildi. Maglumata görä, önümçiligiň mukdary geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy.

«Honor» Hytaýyň smartfon bazarynyň liderine öwrüldi

«International Data Corporation» halkara seljeriş we maslahat beriş kompaniýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň smartfon bazaryndaky ösüşiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,5 göterime deň bolandygy mälim edildi. Bu ösüş, esasan, ýerli öndürijiler «Honor» we «Huawei» kompaniýalarynyň bazardaky işjeňliginiň artmagy bilen bagly. Has takygy, «Honor» özüniň «Magic 6» smartfonyny bazara çykarmak bilen, Hytaýyň smartfon bazarynda lidere öwrüldi. Hasabat döwründe Hytaýyň smartfon bazarynyň 17,1 göterimi «Honor» kompaniýasyna degişli boldy.

70 000 zawod gurar

Koreýa Respublikasynyň «Kia Motors» kompaniýasy Gazagystanda öz awtoulaglarynyň önümçiligini ýola goýar. Kompaniýa şu maksat bilen Kostanaý şäherinde täze zawod gurmagy meýilleşdirýär. «Kia Motorsyň» Gazagystandaky täze zawody ýylda 70 müňe çenli awtoulag öndürer we onda 1500 sany täze iş orny dörediler. Täze zawodyň gurluşygy 2025-nji ýylda tamamlanar. Birinji tapgyrda uly bölekleýin ýygnamak (CKD) usuly bilen 50 müň awtoulag ýygnalar.

Germaniýanyň iň gymmat brendi boldy

«Brande Finance» konsalting kompaniýasy iň gymmat nemes brendleriniň sanawyny çap etdi. Oňa laýyklykda, «Deutsche Telekom» telearagatnaşyk operatory 150 kompaniýany öz içine alýan sanawyň birinji ornuny eýeledi. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň bahasy 68,4 milliard ýewro möçberde bahalanýar. Iň gymmat nemes brendleriniň reýtinginiň ikinji basgançagyndan bolsa bahasy 55,5 milliard ýewro deň bolan meşhur awtoulag öndürijisi «Mercedes-Benz» orun aldy. Ilkinji üçlügi  43,8 milliard ýewrolyk görkeziji bilen «Allianz» ätiýaçlandyryş kompaniýasy jemledi. Şeýle-de iň gymmat nemes brendleriniň öňdäki onlugyndan «Porsche», «BMW», «Volkswagen», «SAP», «Siemens», «Lidl» we «Aldi Sxd» ýaly kompaniýalar orun aldylar.

Emeli aň — geljege täzeçe garamak

2023-nji ýyl boýunça geçirilen barlaglara görä, internet giňişliginde iň köp gyzyklanylan söz «emeli aň» bolupdyr. Alymlar emeli aň tehnologiýasynyň diýseň çalt ösýändigini hem-de 2023-nji ýylda iň köp ara alnyp maslahatlaşylan temadygyny belleýärler. Aslynda emeli aň näme? Munuň üçin biz, ilki bilen, ýönekeý aňyň nämedigini anyklalyň! Köp kişi ol diňe adamlarda bardyr öýdüp ýalňyşýar. Aslynda, aň haýwanlarda-da, maşynlarda-da bar. Ýene bir ýalňyş pikir bolsa, aň diňe düşünje hemem hasaplamalar bilen baglanyşykly diýip hasaplaýarlar. Aslynda bolsa, aň diýen zat birgiden ukyp başarnyklary öz içine alýar. Meselem: • üýtgeşmelere uýgunlaşmagy,

Almazyň emele gelmegi üçin indi milliardlarça ýyl gerek bolmaz

Indi almazyň emele gelmegi üçin milliardlarça ýyl gerek bolmaz. Alymlar ony 150 minutda ýetişdirdiler. «Koreýa Respublikasynyň hünärmenleriniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary almazy bary-ýogy 2,5 sagadyň dowamynda döretmegiň usulyny oýlap tapdylar» diýip, «Hi-Tech» ýazýar.

Finlýandiýada emeli aň kofäniň täze garyndysyny döretdi

Emeli aň Finlýandiýadaky üçünji iň iri kofe öndüriji bolan «Kaffa Roastery» üçin täze kofe garyndysyny döretdi. Neýroulgamyň döreden garyndysyna «AI-conic» diýlip at goýuldy. Garyndy «ChatGPT-ä» we «Copilota» meňzeş ösen modelleriň kömegi bilen işlenip düzüldi. Olaryň wezipesi kofe muşdaklarynyň isleglerini doly kanagatlandyrjak, ýöne şol bir wagtyň özünde, adaty usullaryň daşyna çykmaga mümkinçilik berýän garyndy döretmekdi.

«Google» maglumat merkezlerine 3 milliard amerikan dollarlyk maýa goýar

«Reuters» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, «Google» gözleg kompaniýasy maglumatlar merkezini döretmek maksady bilen, 3 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy maksat edinýär. Kompaniýa pul serişdesini, esasan, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Indiana ştatynda maglumatlar merkezi şäherçesini döretmeklige we Wirjiniýada bar bolan maglumatlar merkezini has-da giňeltmeklige gönükdirer. Soňky ýyllarda emeli aňa hem-de bulut hsaplamalaryna bolan isleg gitdigiçe ýokarlanýar. Bu bolsa tehnologiýa ägirtleriniň maglumatlar merkezleriniň mümkinçiliklerini giňeltmeklige iterýär.

Amerikan kompaniýasy kosmos syýahaty üçin ýangyçsyz işleýän hereketlendirijini oýlap tapdy

Amerikanyň «Exodus Propulsion Technologies» başlangyjy reaktiwsiz kosmos hereketlendirijisiniň işlenip taýýarlanandygyny yglan etdi diýip, «Haýtek» ýazýar. Başlangyjy esaslandyryjy we NASA-nyň öňki inženeri Çarlz Býuler «The Debrief» bilen guralan söhbetdeşliginde öz toparynyň ýangyç ulanman, dartyş güýjüni ýeňip geçmek üçin ýeterlik güýç döredip biljek enjamy döredip bilendigini aýtdy.

Komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry

Gä­mi­le­riň tiz­li­gi nä­me üçin uzel­ler­de dü­wün­ler bi­len öl­çenil­ýär?

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Tiz­li­gi ta­ýa­gyň we ýü­püň kö­me­gi bi­len öl­çe­mek müm­kin­dir.

Sanly bilimiň orny

Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Ähli derejede hünärmenlere sanly ulgamyň işini öwretmek, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň taýýarlygyny işjeňleşdirmek, pudaklarda elektron hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, olaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan kompýuter ulgamlaýyn tehnologiýa we kiberhowpsuzlygy boýunça gysga möhletleýin ýörite okuwlaryň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşýanlaryň ählisine, ilkinji nobatda, okaýanlara we bilim alýanlara elektron hyzmatlar (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) ýola goýulýar.

Russiýada elektron talyp petekleri we hasaba alyş kitapçalary peýda bolar

25-nji aprelde Russiýada talyp peteklerini we hasaba alyş kitapçalaryny elektron görnüşine geçirmek boýunça synag çäresine badalga berler. Bu baradaky degilşi karara premýer-ministr Mihail Mişustin gol çekdi diýip, RF-iň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär. Synag 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam eder.

Suwdaky emeli aň: ýüzýän «Nautilus» maglumat merkezinde enjamlar oturdylar

Emeli aň tizlendirijilerini işläp düzmäge ýöriteleşen amerikan başlangyç kompaniýasy «Cerebras Systems» Kaliforniýanyň Stokton şäherinde maglumatlary gaýtadan işlemek boýunça «Nautilus Data Technologies» ýüzýän maglumat merkezinde enjamlaryny oturdar diýip, «Datacenter Dynamics» habar berýär. Kuwwaty 6,5 MWt bolan «Nautilus» her bölüm üçin 55 kWt çenli energiýa hödürleýär. Desgada iň ýokary güýçde 26 sagat işlemäge ýeterlik ýangyçly ätiýaçlyk generatorlary bar.

«Boeing» 2030-njy ýyla çenli Aziýada uçarmansyz uçýan taksileri işe girizer

«Boeing» kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli uçarmansyz uçýan taksileri bilen Aziýanyň bazarlaryna çykmagy maksat edinýär diýip, Ýaponiýanyň iň iri mediakorporasiýalarynyň biri bolan «Nikkei Asia» «Boeing» kompaniýasynyň tehniki direktory Todd Sitronyň sözlerine salgylanyp habar berýär. Bu ugurda «Boeing» kompaniýasyna golçur kärhanasy bolan «Wisk Aero» kömek eder, ol awiasiýa ägirdi tarapyndan satyn alynmazdan ozal dik uçuş we gonuş aýratynlyklary bolan ýolagçy ulaglaryny işläp düzýän başlangyç kompaniýasydy.

Daşkentde dünýäde iň kuwwatly wodorod awtoulagy NAMI Hydrogen tanyşdyryldy

Daşkent şäherinde geçýän «Innoprom. Merkezi Aziýa» sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň NAMI Döwlet ylmy merkezi dünýäde iň kuwwatly we taryhda ilkinji wodorod awtoulagy NAMI Hydrogen bilen tanyşdyrdy. Aurus Senat premium sedanyň binýadynda döredilen bu awtoulag özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ol üç sany elektrohereketlendiriji bilen üpjün edildi. Hereketlendirijileriň biri awtoulagyň öň tarapynda, ikisi bolsa yz tarapynda ýerleşdirildi. Olaryň her biriniň kuwwaty 340 at güýjüne deň bolup, jemi 1020 at güýji sagatda 100 km tizlige bary-ýogy 4 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýär.

Transrussiýa internet geçirijisi Günorta Koreýa çenli çekiler

«Новоя ТрансЕврАзийская волоконно-оптическая линия связи» (TEA NEXT) aragatnaşyk ulgamyny gurýan Russiýanyň «Атлас» kompaniýasy bu internet geçirijisini Günorta Koreýa çenli çeker we soňra ony Ýerwopa bilen birleşdirer. Häzirki wagtda Nahodka – Pusan (Günorta Koreýa) suwasty aragatnaşyk ulgamy öwrenilýär. TEA NEXT-iň ne Demirgazyk buzly ummanynyň üsti bilen, ne-de Gyzyl deňziniň üsti bilen bäsdeşleriniň bolmajakdygy çaklanylýar.

AŞTU-nyň «eKassa» mobil programmasynyň iň soňky nusgasyny ýükläp alyň

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «eKassa» mobil programmasyny täzeledi. Oňa birnäçe uly bolmadyk üýtgeşmeler girizildi. «eKassa» mobil programmasy AŞTU-nyň hyzmatlary üçin tölegleri ýeňil we çalt geçirmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, hyzmatlaryň töleglerini geçirmek üçin «Şahsy hasap» köpugurly hyzmat platformasynda bolşy ýaly, ýörite PIN kody almak zerurlygy ýok.

«Flagman Edge 50 Ultra» smartfonyny hödürledi

Täze önüm diňe bir Snapdragon 8s Gen 3 çipsete we kuwwatly kamera eýe bolman, eýsem, gelşikli dizaýny bilen hem tapawutlanýar diýip, GSMArena.com neşiri ýazýar. Smartfonyň wersiýalarynyň biriniň korpusy reňki we galtaşygy boýunça açyk reňkli agaja çalym edýär. Beýleki iki — goýy çal we şetdaly reňk görnüşi eko deriden. Şetdaly reňki Pantone instituty bilen bilelikde işlenip düzüldi we ol 2024-nji ýylyň esasy reňkidir.

Emeli aň tarapyndan döredilen modelleriň arasynda dünýädäki ilkinji gözellik bäsleşigi geçiriler

Onlaýn platformalaryň biri emeli aň tarapyndan döredilen modelleriň arasynda dünýädäki ilkinji gözellik bäsleşigi üçin ýüztutmalary kabul edip başlady. Bäsleşigiň umumy baýrak gaznasy 20 müň amerikan dollary bolar. Bäsleşigiň ýeňijisi 5 müň amerikan dollar baýrak, 3 müň amerikan dollarlyk maslahat beriş programmasyny we ýene 5 müň amerikan dollarlyk PR goldawyny alar. «Forbesiň» habaryna görä, bäsleşigiň netijeleri 10-njy maýda yglan ediler.