"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

«Saglygyň gadryny bilgil...»

— Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegi ýatdan çykarmaň! — Pasyl çalşygynda özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.

Kelemde haýyr kän

Ynsan saglygyny berkitmekde gök önümler möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Olaryň arasynda turşadylan kelem hem bar. Bu önüm C ýokumyna örän baý bolup, saglyk üçin has haýyrlydyr. Ol gyş aýlarynda sowuklamadan goranmakda esasy serişdeleriň biridir. Turşadylan kelemiň düzümindäki C ýokumy, şeýle-de içegeler üçin peýdaly bolan probiotikler bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrýar. Bulardan başga-da bu önüm bedeniň demir, sink, kalsiý ýaly peýdaly makro we mikroelementleri gowy özleşdirmeginde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär.

Sagdynlyk ruhubelentik

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyz saglygy goraýyşda we ýokanç keselleriniň öňüni almakda uly ösüşlere eýe boldy. Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamyň ýaşamagy üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, sagdyn ruhy gurşaw hem şahsyýetiň kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň biridir. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglyk babatda bilimini we medeniýetini ýokarlandyrmak, ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmagy ündemek, ene süýdüniň ähmiýetini, sagdyn durmuşda ýaşamagyň ýollaryny wagyz etmek, ilatymyzyň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, berkarar döwletimizde keselleriň öňüni alyş we bejeriş işlerini ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli terbiýelemek boýunça toplumlaýyn çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýylyň her bir paslynyň öz aýratynlygy bolýar, munuň özi hem adam saglygyna uly täsir edýär. Daşky gurşawyň üýtgäp durýan şertlerinde adam bedeninde dem alşyň, ýürek urgularynyň, arterial gan basyşynyň üýtgemegi bolup durýar. Bu gartaşan adamlara, dowa

Ene süýdüniň ähmiýeti

Çaga üçin ene süýdünden peýdaly we gymmatly önümiň ýokdugy aýdyň hakykatdyr. Çagany ene süýdünden kesip, emeli süýt bermek düýbünden ýalňyş çemeleşmedir. Çaga üçin niýetlenen emeli süýt önümleri hiç haçan ene süýdüne taý bolup bilmez. Ene süýdüniň ähmiýeti örän uludyr. Ene süýdi we emeli süýt bilen ulalan çagalaryň ösüş aýratynlyklary, sagdynlyk tapawudy ýer bilen gök ýalydyr. Çaga lukmanlarynyň bellemegine görä, ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar kesellere garşy sanjymlary hiç hili kynçylyksyz, gaýraüzülmesiz alýarlar. Ene süýdi bilen iýmitlenmäniň dişleriň nädogry ösmeginiň, görejiň kütelmeginiň, çaga ulalanda gan basyşynyň ýokarlanmagynyň we ýürek keselleriniň öňüni alýandygyny geçirilýän barlaglar tassyklaýar.

Peýdaly maslahatlar

Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli. Möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp, milli tagamymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy her hepdede içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Owadanlygam gerek welin...

Aglaba gelin-gyzlar aýakgaplaryň oňaýlylaryny, rahat we ynjalykly ýöremäge, özüňi rahat duýmaga mümkinçilik berýänlerini däl-de, aýakda owadan görünýänlerini, köýnekleriniň reňkine kybapdaşlaryny we boýuny uzyn görkezýänlerini saýlaýarlar. Gözellik hem gerek welin, aýakgap edineniňde, öz saglygyň barada hem oýlanmaly. Aýakgap gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň milli egin-eşiginiň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Aýal köwüşleriniň reňki, bezegi ýiti hem doýgun bolupdyr. Nagyş bilen bezelen aýakgap ynsanyň ýaşaýyş döwrüniň edim-gylymlaryna degişlidir. Owaldan bäri aýakgabyň esasy özüne çekijiligi onuň görnüşine we reňkine bagly bolupdyr. Köwüşleriň görnüşi diňe bir dabany we ökjesi bilen däl-de, eýsem, inçe burunly ýa-da ýasy burunly diýen ýaly, burunlarynyň gurluşy bilen hem tapawutlanypdyr. XIX asyrda türkmen gelin-gyzlary beýik ökjeli, apgyrdy bolmadyk, dabany ökje tarapyna galňap gidýän, owadan gön köwüşlerine isleg bildiripdirler. Toý-baýramlarda aýal-gyzlar gönden tikilen, reňkli deriniň bölejiklerinden nagyşlanan mesi geýipdirler. Şol döwürde oba ilatynyň uludan-kiçä söýgüli aýakgaby bolan rezin galoşlar häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň däp bolan toý lybaslarynda möhüm orny eýeleýär. Olary el keşdeleri bilen nagyş

Ertirlik edinmegiň saglyga peýdasy

Dünýä alymlarynyň bellemegine görä, ertirlik tagamyndan ýüz öwürmek bedeniň immunitetiniň gowşamagynyň, ýokanç we ýokanç däl keselleriň, şeýle-de ýürek-damar keselleriniň, semizligiň döremeginiň esasy sebäpleriniň biridir. ABŞ-nyň lukmanlary her günde yzygiderli ertirlik edinýän adamlaryň arasynda semizligiň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň örän pesdigini subut etdiler. Ertirlik edinýän adamlaryň bedeninde metabolizm hadysasy 3-4 göterim ýokary, edinmeýänleriň bedeninde bolsa, tersine, 5-6 göterim haýal geçýär. Ertirlikde kabul edilen dogry tagamlar dartgynlylyk gormony bolan kortizolyň hem derejesini peseldýär. Munuň bilen bolsa semizligiň, süýjüli diabetiň, ýürek işemiýa keselleriniň döremek howpy azalýar.

BUZENIŇ SÖWDEGI / Молочай Бузе

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Buzeniň söwdegi — söwdekler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 25 — 60 sm köpýyllyk otjumak wekili. Ösümlik çal reňkli, çybyk görnüşli aşaky bölegi agaçlaşan we gyşa çenli gür şahalanan baldaklary saklanýar. Aşaky baldakdaky ýapraklary teňňejik görnüşli, çalt guraýar. Beýlekileri — ýumurtga görnüşli ýa-da ýumurtga görnüşli-neşder şekilli, uzynlygy 0,7 — 1,8 sm we ini 0,3 — 0,8 sm, kütek, käte ujy gysga, ýiti, esasy tegelenen, sapaksyz, gyralary abat, kirpiklije ýa-da tüýsüz, güllemeýän şahalarynyň ýapraklary has inçe, çyzykly, kepjeli, esasy gysylan örän gysga sapaklyja.

Witamin ýetmezçiligi

Bedende haýsydyr bir witaminiň az bolmagyna «gipowitaminoz» diýilýär. Adam bedenine witaminler iki görnüşde kabul edilýär: iýýän iýmitimiz we witaminleriň taýýar görnüşiniň üsti bilen. Sagdyn, kadaly iýmitlenmek adamyň ilkinji aladalarynyň biri bolmaly. Kadaly iýmitlenmek üçin taýýarlanýan naharlar tagamly we ýokumly bolmaly. Şeýle-de naharyň ýany bilen dürli işdäaçarlary, miweleri we gök-bakja önümlerini, dürli gök otlary ulanmak maslahat berilýär. Miwe, bakja önümlerinde we ter, gök otlarda beden üçin zerur bolan witaminler, minerallar, makro we mikroelementler bar. Kadaly iýmitlenilen ýagdaýynda, bedeniň keselden goraýjylyk ukyby ýokarlanýar. Adam kadaly iýmitlenmedik ýagdaýynda, bedende witamin ýetmezçiligi ýüze çykýar. Bedende witaminleriň ýetmezçiligi sebäpli, dürli näsazlyklar ýüze çykyp, adamyň keselden goraýjylyk ulgamy peselýär. Bedende A witamin az bolanda, şowakörlüge (garaňky düşensoň, görüjilik kütelýär), deriniň gurak bolmagyna, içki mäzleriň işleriniň bozulmagyna we ýokanç kesellerden goraýjylyk ukybynyň peselmegine getirýär. Balyk ýagy, bagyr, gaýmak, çig gaýmak, süýt, mesge, ýumurtganyň sarysy, şeýle-de käşir, erik, ýaş sogan ýaly önümler A witaminine baýdyr. A witamin görejiň ýitileşmegine, deriniň owadan, ýylmanak, çeýe

Saglygymyz — baş baýlygymyz

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar» diýip belleýär we milletiň saglyk ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berip, bu baradaky meseläni berk gözegçiliginde saklaýar. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanýan döwlet–— bu geljegine ynamly garaýan sagdyn adamlaryň döwletidir. Şonuň üçin Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak — bu milletiň we her bir adamyň durmuşy baradaky gündelik alada we hemmetaraplaýyn gurşap alýan ulgam bolup durýar. Ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň baş maksady — ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmäge, ilaty elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk kömegi hem-de hyzmatlary bilen üpjün etmäge, daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga gönükdirilen işler yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň saglyk syýasaty saglygy goraýşyň öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň ulanylmagy bilen onuň ýokary

Gyş paslynyň maslahatlary

♦Pasla görä geýinmeli, bu babatda çagalara hem gözegçilik etmeli. Aşa ýyly, galyň geýinmek sebäpli gyzmak immunitetiň peselmegine getirip biler. ♦Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý etmeli. Elleriňizi arassa saklamaly.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy: ömre ömür goşýan döwletli işler

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýlan giň gerimli işler, saglygy goraýyş ulgamyndaky düýpli özgertmeler bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we yzygiderli, tapgyrlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli durmuşa ornaşdyryldy hem-de has kämilleşdirildi. Ýurdumyzda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Geçirilen özgertmeler netijesinde raýdaşlyk ýörelgesine esaslanyp, ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjünçilik ýola goýlup, adamlaryň öz saglygy babatda sowatlylygyny ýokarlandyrmak we keselleriň öňüni alyş sanjymlary bilen doly gurşap almak arkaly ilatyň saglygy berkidildi, bu ugurdaky işler täze derejelere çykaryldy. Ýurdumyzda saglygy goraýşyň ilkinji halkasy kämilleşdirilip, maşgala lukmançylygy girizildi. Saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasy ornaşdyryldy. Oňa goşulan raýatlaryň sany ýyl-ýyldan artyp, bu görkeziji 2019-njy ýyldan bäri 1 million 931 müň 635 adamdan 1 million 986 müň 17 adama çenli artdy. Munuň özi saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ykdysady taýdan elýeterlidiginiň güwäsidir.

Kadaly iýmitlenmek —saglygyň gözbaşy

Halk arasynda «Hemme zadyň sakasy saglyk, saglyk bolsa beglik bolar» diýen parasatly sözler bar. Sagdyn bolmak islendik ýaşda özüňi gowy duýup ýaşamakdyr. Bu bolsa, ilki bilen, biziň her birimiziň öz saglygymyz hakynda aladalanmagymyzdyr. Elbetde, adamyň jan saglygy köp zatlary öz içine alýar. Sagdyn durmuş ýörelgesine uýmak, ony gündelik durmuşyňa ornaşdyrmak bolsa derwaýysdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy sütünleriniň biri bolsa «Görk agyzdan» diýlişi ýaly, kadaly iýmitlenmek bolup durýar. Iýmitiň kadalylygyny berjaý etmegiň ynsan saglygy üçin möhüm ähmiýeti bar. Sagdyn iýmitlenmek üçin, ilki bilen, şu maslahatlary berjaý etmäge çalşyň! Iýeniňizde işdämenlik bilen iýiň. Her bir adam ýaş aýratynlygyna görä, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, sagdyn iýmitlenmäge çalyşmaly, saçak başyndan aşa doýman turmagy endik edinmeli. Krahmala baý iýmitlerden peýdalanmaly. Düzüminde mal ýaglary agdyklyk edýän, şekeri köp bolan önümleri ulanmagy azaltmaly. Çörek, aş we aş önümleri, ýeralma hem-de tüwi biziň iýmitimizde krahmalyň gymmatly çeşmesidir.

Jana melhem käkiligoty

Türkmen topragynyň dermanlyk ösümliklere örän baý tebigaty bar. Ir döwürlerde ata-babalarymyz tebigatdaky taýýar önümleri toplap, olardan diňe bir azyk, iýmit zerurlygy üçin däl, eýsem, dermanlyk, melhemlik maksady bilen hem peýdalanypdyrlar. Şu jähetden, ösümlik dünýäsini ilkinji «tebigy dermanhana» hasaplamagy ynsan ýaşaýşynyň özi öňe çykarypdyr diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda tebigatdaky ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri ylmy taýdan doly hem düşnükli açylyp görkezilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda dermanlyk häsiýeti bolan käkiligoty barada hem giňişleýin maglumat berilýär. Melhemlik häsiýetine eýe bolan käkiligoty ynsan saglygyny berkitmekde, birnäçe dertdir sökellikleriň öňüni almakda, hatda bejermekde hem diýseň peýdaly ösümlikleriň biridir. Aýratyn hem, gyş paslynda ýüze çykýan möwsümleýin kesellerden goraýjylyk, antiseptiki häsiýeti agdyklyk edýändir. Ol, esasan, çaý görnüşinde demlenip içilýär, demlemesi agyz boşlugyny we bokurdagy çaýkamak üçin hem peýdalanylýar. Saglygy berkidiji, kesellerden goraýjy dermanlyk aýratynlyklary bolan bu ösümlik aşgazan, öýken we içege kesellerini bejermekde halk lukmançylygynda giňden

Burç

Türkmen topragy şypalyk häsiýetine eýe bolan dermanlyk ösümliklerine baýdyr. Gyşyň häzirki sowuk günlerinde olardan taýýarlanan tagamlary, demlemeleri, işdäaçarlary ulanmak saglyk üçin peýdalydyr. Dermanlyk ösümlikler dürli witaminlere baý bolmak bilen, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar. Şypalyk ähmiýeti ýokary bolan ajy burçuň hem şu günler gündelik iýmitiň arasyna goşulmagy maslahat berilýär. Ajy burç dünýä aşhanasynda iň kän sarp edilýän ösümlikleriň biri bolup, ony, esasan-da, dürli naharlara, gaplanan hem-de duzlanan tagamlara goşundy hökmünde ulanýarlar. Ösümligi ter, guradylan, duza ýatyrylan, şeýle-de owradylan külke görnüşinde ulanmak ýörgünli. Haýsy görnüşde ulanylsa-da, burçuň peýdaly häsiýetiniň aýrylmaýandygy bellärliklidir.

Saglyk — baş baýlyk

Her bir ynsan öz saglygyny goramalydyr, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidir. Saglygyň gözbaşy hem arassaçylykdan başlanýar. Adam arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmelidir. Şeýle hem iýmit önümlerine ünsli bolmak gerek. Iýmit önümleri satyn alnanda, olaryň ýaramlylyk möhletine we hiline üns bermelidir. Öý şertlerinde iýmitler taýýarlanylanda, arassaçylyk-gigiýeniki talaplary berjaý etmeli. Iýmit önümlerini taýýarlaýan ýeriň, ulanýan gap-gaçlaryň arassa bolmalydyr. Bişirilen we bişirilmedik iýmit önümlerini aýry-aýry saklamalydyr.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin...

■ Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli. ■ Pasla görä geýinmeli.

Wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär

Ilatyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzda möhüm wezipe hökmünde kesgitlenilendir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen şu günler ilat arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Bilim edaralarynda, edara-kärhanalarda geçirilýän şeýle ähmiýetli çärelerde gyş günlerinde özüňi ýokanç kesellerden goramagyň möhümdigi barada aýratyn gürrüň edilýär. Lukmanlar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitaby esasynda taýýarlanylýan melhemlik çaýlaryň ýokanç kesellerden goranmakdaky ähmiýeti dogrusynda nygtaýarlar. Çäreleriň dowamynda dürli durmuş ýagdaýlarynda özüňe we birek-birege kömek bermek boýunça wideoşekiller görkezilip, gollanmalar paýlanylýar.

Saglyk — baş baýlyk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakda döwrebap özgertmelere badalga berilýär. Saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler bolsa buýsandyryjydyr. Häzirki zaman döwrebap anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak bilen, saglygy dikeltmegiň hili ýokarlandyrylýar. Lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatda uly ösüşler nazarlanylýar.

Sag­dyn­lyk we bag­ty­ýar­lyk

«7/24. tm» № 08 (195), 19.02.2024 Ýur­du­myz­da beý­le­ki ugur­lar bi­len bir­lik­de bi­lim we sport ul­gam­la­ry hem ok­gun­ly ös­ýär. Hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ul­gam­la­ry döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şup, şu ba­bat­da mö­hüm äh­mi­ýet­li mak­sat­na­ma­la­ryň we tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ba­dal­ga ber­di. Ösüş­le­riň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy bar­ha art­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz dün­ýä döw­let­le­ri bi­len umu­ma­dam­zat bäh­bit­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar. Wa­ta­ny­myz­da adam we onuň sag­ly­gy ba­ra­da döw­let de­re­je­sin­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.