Möwsümleýin keselleriň öňüni almakda peýdaly maslahatlar;
Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli. Pasyllara görä geýinmeli we witamin С — askorbin turşusyna baý bolan önümleri kabul etmeli (miwe şireleri, bally we limonly çaý, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miweleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri). Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni ýa-da gapyny wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly. Milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaş içmeli. Gyzylburçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglary ýaly peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.