"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Melhemler mekany — «Mollagara»

Melhemler mekany bolan türkmen topragynda tebigatyň döreden şypaly kölleriniň hatarynda Mollagara köli hem giňden tanalýar. Häzirki wagtda bu kölüň boýunda adybir şypahana hereket edýär. Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Mollagara» şypahanasyna tebigy şertleri, mineral suwy üçin dürli ýaşdaky raýatlarymyz tarapyndan uly isleg bildirilýär. Bu günki günde döwrüň iň kämil tehnologiýalarynyň we lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, şypahana gelýän raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmek üçin döwrebap şertleriň döredilýändiginiň görkezijisidir. Irki döwürlerden bäri Balkan welaýaty özüniň täsin tebigaty bilen köpleriň ünsüni özüne çekipdir. Sebitiň täsinlikleriniň biri hem Mollagara kölüdir. Kölüň esasy aýratynlygy başga bir ýerden gelip guýýan hiç hili akabasynyň ýoklugyna garamazdan, eýsem, tutuş ýylyň dowamynda belli bir derejede saklanýanlygydyr. Onuň ýokary derejede minerallaşan şor suwy hlorly, natrili, magnili suwlara degişlidir. Düzüminde köp mukdarda himiki elementleriň, birleşmeleriň, mikroelementleriň bolmagy şypaly suwuň melhemlik häsiýetini ýokarlandyrýar. Ýene bir täsin tarapy, bu köle giren adamyň suwuň ýüzünde saklanyp, onuň düýbüne asla çökmeýänligidir. Kölüň diňe bir şor suwy däl, eýsem, gyrmançaly palçygy

Saglygymyz üçin peýdaly maslahatlar

Tomus paslynyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli. Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmeli, ýaglyk daňmaly ýa-da saýawanly gezmeli.

Sagdyn jemgyýet — sagdyn geljek

Eşretli durmuşyň hözirini görýän bagtyýar halkymyz sagdyn durmuş kadalaryna eýermekligi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy durmuş ýörelgesine öwürdi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Ösüşli ýoly dowamat-dowam bolýan eziz Diýarymyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, ähli amatlyklary özünde jemleýän saglygy goraýyş we sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmeginiň mysalynda hem raýatlaryň saglygyny goramaklygyň we berkitmekligiň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň jemgyýetimizde giň gerimde ýaýbaňlanmagyny gazanmaklygyň döwlet syýasatynda esasy üns berilýän ugurlaryň biridigine göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan şeýle beýik işleriň netijesinde hem bu günki gün ýurdumyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany diýlip ykrar edildi. Sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň jemgyýetimizde barha rowaçlanmagynda wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleri hem ähmiýetlidir. Şeýle çäreler işgärlerimiziň gatnaşmaklarynda-da yzygiderli guralyp, olarda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler

Sag başym — soltan başym

♦Ýiti Gün şöhlesinden başgaplary geýmek, saýawanlary ulanmak bilen goranmaly. ♦Tomus paslynda gezelenje çykylanda, kiçi ýaşly çagalar uly adamlaryň gözegçiliginde bolmaly. Gezelençler ir säher sagat 06-00-dan 09-00-a çenli, agşamlyk bolsa 18-00-dan soň bolmaly.

Sport, saglyk hem-de işjeňlik

Ýurdumyzda raýatlaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak arkaly, ýokanç däl keselleriň öňüni almak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Kardiologik, pulmonologik, onkologik, endokrinologik keseller pes işjeňlik zerarly döreýär. Bu dertleriň öňüniň alynmagynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň ähmiýeti örän uludyr. Sagdyn ýaşaýşyň esasy şertlerine bolsa şular degişlidir: — howanyň arassalygy;

Tomusda berjaý edilmeli düzgünler

Tomus paslynda günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgäp we gyzyp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmegi berjaý etmeli. Daşardan gelnende, nahardan öň we soň ýa-da islendik iş ýerine ýetirilenden soň elleri sabyn bilen ýuwmaly.

Baldan süýji bala

Jemgyýet maşgaladan gözbaş alýar. Perzent bolsa maşgalanyň berkligini kepillendirýär. Çünki perzent adamzadyň ertiridir, şu gün bilen geljegiň arasyndaky köprüdir. Her bir ýaş çatynja durmuş guran gününden perzendiň arzuwynda bolýar. Ene üçin perzent söýmekden özge bagt ýok. Çaga dünýä inenden soň, ene üçin aýratyn aladalar başlanýar. Körpäniň sagdyn ösüp-ulalmagy bolsa, enäniň baş aladasy bolup durýar. Her gününi sanap ösýän çaganyň bedeninde ilkinji aýlarda täze öýjükler emele gelýär, şolaryň ösüşini üpjün etmek öňi bile enä bagly. Sebäbi çaganyň sagdyn ösüp ulalmagynda ene süýdi wajyp ähmiýete eýe bolýar. Ene süýdüni hiç bir zat bilen çalşyp bolmaz. Dogry, dükanlardan körpeler üçin hut ene süýdüniň ornuny tutjak ençeme garyndylary satyn alyp bolar. Ýöne şonda-da olar ene süýdüniň ornuny tutup bilmez. Sebäbi olar bedeni gerekli witaminlerdir mineral maddalar bilen üpjün etseler-de, ony ýokanç kesellerden gorap bilenoklar. Çagany dürli kesellerden goraýan serişde diňe enäniň süýdünde saklanýar.

Gazly içgiler barada nämeleri bilýäris?!

Megerem, içi gazlandyrylan, süýjümtik tagamly, ýörite gaplara ýa-da aýna çüýşelere gaplanan içgileri içmegi halamaýanymyz az-az bolsa gerek. Öňler diňe baýramçylyk ýa-da toýdur meýlislerde içilýän gazly, alkogolsyz içgiler geçen asyryň aýaklarynda gündelik içimlige öwrüldi. Elbetde, taýagyň iki ujunyň bar bolşy ýaly, bu içgileriň peýdaly tarapy bilen birlikde, aşa köp içilen wagty saglyga zyýanly taraplarynyň hem bardygyny unutmaly däl.

Äwmezlik awundyrmasyn

Türkmen tebigatynda dürli görnüşli ösümlikler bilen bir hatarda, mör-möjekleriň, süýreniji jandarlaryň hem köp dürlüsi bar. Şonuň üçin tebigata gezelenje çykylanda ýa-da meýdan işlerinde ýylan çakmagyndan, içýandyr möýden awunmazlyk üçin ägä bolmak gerek. Seresaplylyk, duş gelýän howply, zäherli janly-jandarlara aýawly çemeleşip, olara degmezlik ýüze çykyp biläýjek ýaramaz hadysalaryň öňüni almagyň möhüm şertidir. Ýöne durmuşda her hili ýagdaý bolýar. Şonuň üçin tötänlikde ýa-da äwmezlik sebäpli betbagtçylyga uçralanda, näme edilmelidigi barada söz açmagy makul bildik. Türkmen tebigatynyň köpdürli haýwanat dünýäsinde ýylanlar aýratyn orun eýeleýär. Onlarça görnüşli şol ýylanlaryň arasynda diňe kepjebaş, göklors, alahöwren we galkanburun zäherli hem howply ýylanlar hasaplanylýar. Her ýylanyň zäheriniň ferment düzüminiň özboluşly aýratynlyga eýedigine görä, olar çakanda bolup geçýän zäherlenmäniň alamatlary hem aýry-aýrydyr. Mysal üçin, kepjebaş bilen göklors ýylanlarynyň zäheri ilkibaşda nerw ulgamyna täsir edýär, yzýany bilen baş aýlanma, arterial gan basyşynyň peselmegi, aritmiýa alamatlary güýjäp başlaýar. El-aýakdan başlap, bedene ýaýraýan ysmazlyk, şeýle hem dem alyş muskullarynyň we merkeziniň ysmazy ýüze çykýar. A

Saglyk — baş baýlyk

Tomus möwsüminiň sapaly günlerinde yssy howa durumynda özüňi alyp barmagyň kadalaryny berjaý etmek sagdyn bolmak üçin ähmiýetlidir. Çünki howanyň gyzgyn günlerinde käbir adamlar özüni gowuşgynsyz duýýar. Kähalatlarda adamlar säher bilen turup, işe, okuwa, umuman, bir ýere gitmek üçin dessine ýola düşýärler. Bu bolsa, esasan-da, yssy howada jemgyýetçilik ulaglarynda gatnaýan adamlary ysgynsyzlyga, suwsamaklyga eltip bilýär. Şonuň üçin ýola rowana bolmazdan ozal, ýeňil ertirlik edinmelidir. Gyzgyn howa deriň üsti bilen suwuklygyň bedenden köp mukdarda bölünip çykmagyna sebäp bolýar. Howanyň aşa gyzan günlerinde, bedeniň kadaly ýagdaýda saklanmagy üçin 1,5-2 litr suw içmek kada hasaplanýar. Suwsuzlykdan kösenmez ýaly, ýanyň bilen suw göterinmek maslahat berilýär. Ýaşlar, çagalar köplenç şireli, süýji tagamly, gazlandyrylan içgileri içmegi halaýarlar. Yssy howada olara derek, gaýnadylyp sowadylan agyz suwuny ýa-da miwelerden gaýnadylan şerbetleri içmek has ýaramlydyr. Daşardan gyzyp gelip, sowuk suw içmekden, sowadyjynyň öňünde durmakdan saklanmalydyr. Tomus paslynda iýmitiň ýeňil özleşdirilýän görnüşlerine hem-de ýokumly bolmagyna üns bermeli. Witamine baý önümler bilen iýmitlenmek adam bedeniniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, beden agzalaryny

Rahat uky

Uzakly günki argynlykdan soň, düşege tizräk geçesiň, hiç zady duýmanam uka gidesiň gelýär. Ýöne ýorgana gireniň bilen birbada uklap bolaýanok. Bir, iki, üç sagat geçýär. Şonda-da göze uky gelenok. Kähalat derman-däriniň güýji bilen hem zordan uklanýar. Ertesi irden weli, kadaly rahatlyk duýaňok. Bu köplere tanyş ýagdaý bolsa gerek. Haçanda adam gaty ýadanda, aladaly, howsalaly bolanda şeýleräk ýagdaý ýüze çykýar. Eger bu ýygy-ýygydan gaýtalanyberse, onda biz ukusyzlykdan zeýrenýäris. Ýöne uky üçin iň ýönekeýje kadalary ýerine ýetirmeýändigimiz hakda pikir hem etmeýäris. Ilki bilen nähili şertde ýatýandygyňyza üns beriň. Siziň uklamagyňyza päsgel berýän zat içeriniň dymyk, yssy, agras howasy bolmagy mümkin. Ýorganyňyzyň agyr düşýän bolmagy-da ahmal. Sebäbi agyr hem galyň ýorgan howanyň kadaly aýlanmagyna päsgel berýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Şikesleri bejeriş Halkara merkezi ýurdumyzda trawmatologiýa we ortopediýa ugry boýunça daýanç-hereket ediş ulgamyndaky keselleri anyklamakda we bejermekde, näsaglarda soňlugy bilen dikeldiş bejergilerini alyp barýan öňdebaryjy merkezleriň biri bolup, halkymyza hyzmat edýär. Häzirki döwrüň ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan şikesleri bejeriş Halkara merkezinde işine ussat hünärmenler zähmet çekýärler.

Hem şypaly, hem sapaly

Ýurdumyzyň gözel ýerlerinde ýerleşýän şypahanalaryň mähellesi ýylyň ähli paslynda-da ýetik bolýar. Ýöne hut tomus paslynda ol ýerlerde dynç almak, saglygyny dikeltmek isleýän adamlaryň sany has artýar. Munuň şeýledigine Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Farap» şypahanasynda bolanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu şypahana melhemler mekany hökmünde indi köp ýyllardan bäri ilatyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanyp gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary arkaly şypahananyň täze binasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen bolsa raýatlara edilýän hyzmatyň hili düýpli ýokarlandy. — Bizde köp dertlere derman mineral suwuň we kämil lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen dürli keselleri üstünlikli bejermek üçin amatly şertler we giň mümkinçilikler bar. Tejribeli lukmanlarymyz we beýleki hünärmenlerimiz raýatlarymyza ýokary hilli hyzmat etmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler — diýip, şypahananyň baş lukmany Şageldi Boranow gürrüň berýär.

«Berzeňňi» şypa paýlaýar

Türkmen topragy Hakyň nazary düşen toprak. Şu keremli topragyň suwam, palçygam jana şypa. Bejeriş häsiýetli çeşmeleridir kölleri bolan täsin hem şypaly ýerler aýratyn üns-alada bilen gurşalyp, şypahana görnüşinde raýatlara hyzmat edýär. Şeýle şypahanalaryň biri-de «Berzeňňi» şypahanasy. Geologlaryň gözleg-barlag işleri netijesinde bu ýerdäki şypaly çeşmäniň üstüniň açylanyna şu ýyl 57 ýyl, Gahryman Arkadagymyzyň «Berzeňňi» şypahanasynyň häzirki kaşaň binasyny gurduryp berenine bolsa 12 ýyl bolupdyr. Biz golaýda bu ýerde myhmançylykda bolanymyzda, şypahananyň işgärleri mylaýym ýylgyryş bilen garşy aldylar. Ýürek ýylysy şypaly howa bilen garyşyp, kalbyňa rahatlyk berýär. Ilki bilen, mineral suw içilýän ýerden «teşneligi gandyrmagy» maslahat berdiler. «Şu suwuň düzüminde 24 sany mikroelement bolup, ol «ýörite goşundysyz we häsiýetsiz» suwlar toparyna degişli. Ýylylygy, ortaça, 36-37 gradusa deň. Özi-de ýody, bromy, sinki, marganesi, organiki maddalary, kremniý turşusyny we beýlekileri öz içine alýar» diýip, birnäçe ýyl bäri bu ýere dynç almaga gelýän ýaşulularyň biri dillendi. Şypahananyň lukmanlarynyň biri bolsa mineral suwy yzygiderli içmegiň, madda alyş-çalşygyny kadalaşdyrmak bilen, böwrekde daşlaryň döremeginiň öňüni al

Tomsuň lezzetli içgileri

Lukmanlar yssy günlerde adamyň günüň dowamynda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmelidigini aýdýarlar. Adaty suwdan başga-da, adam saglygyna peýdaly içgiler hem bar.

Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda ýetilen sepgitler

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasy «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine çykaryldy, ulgamda halkara ölçeglerine we talabyna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylyp, türkmen lukmanlarynyň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Türkmenistanda öndürilýän süýji-köke önümlerinde transýaglaryň mukdaryna gigiýeniki baha bermekligiň netijeleri

Şirin WELLANOWAM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň iýmit gigiýena kafedrasy Adamyň saglygy köp ýagdaýlarda onuň ýaşaýan ýerine, töweregini gurşaýan ekologiýa şertlere, psihiki durnuklylygyna, fiziki taýdan işjeňligine, iýmit önümleriniň hiline we beýleki köp sanly şertlere baglydyr [1].

Burun-damagyň howply täze döremeleriniň kliniki-morfologik aýratynlyklary

Çemen DIWANGULYÝEWA, Gülälek ÝEGENGELDIÝEWA, Orazjamal BALAÝEWA, Raisa ISRAFILOWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň gistologiýa, embriologiýa we sitologiýa kafedrasy Burun-damagyň howply täze döremeleri (BD HTD) kelle we boýun agzalarynyň howply çişleriniň 0,1-2%-ni, damagyň HTD-niň bolsa 45-55%-ni tutýar. Näsaglaryň 60-70%-i keseliň ötüşen derejelerinde ýöriteleşdirilen onkologiki hassahanalara ýüz tutýarlar. BD HTD bolan näsaglar ilkinji gezek lukmana ýüz tutanda 70-80%-niň limfa mäzlerinde metastazlar anyklanylýar [2, 4, 6].

Garpyzyň peýdasy

• Garpyz tomus paslynda iň köp iýilýän önümleriň biri bolup, onuň 90 göterimi suwdan ybaratdyr; • Ol adamyň immunitetini güýçlendirýär we dürli ýokanç kesellerden goraýar;

Ösmeýän göwrelilikde patomorfologiki aýratynlyklar

Güljahan HOJAMBERDIÝEWAM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasy Ösmeýän göwrelilik (ÖG) häzirki zaman akuşerçiligiň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda göwreliligiň irki möhletlerde anyklanmagy sebäpli, düwünçegiň öz-özünden düşmeleriniň arasynda ösmeýän göwreliligiň ýygylygy 45-88%-e çenli ýokarlandy. ÖG polietiologiki kesel bolmak bilen, onuň ýüze çykmagynyň sebäpleriniň biri hem embriohorial ýetmezçilikdir. Embriohorial ýetmezçiligiň etiologiki faktorlaryna genetiki, endokrin, immunologiki, ýokanç, anatomiki we utgaşan sebäpler degişlidir [1-5]. Göwreliligiň gaýra üzülmeleri, perinatal keselçilik we ölümçilik embriogenez we horionyň morfogenezi bilen baglydyr. Edebiýat maglumatlaryna görä, wagtynda ýüze çykarylmadyk embriohorial ýetmezçiligiň fetoplasentar ýetmezçilige öwrülýän ýagdaýlary hem bellenilýär [1-3]. Göwreliligiň dowamynda fetoplasentar ulgamynyň emele gelmegi düwünçegiň ösmegi üçin adekwat şertleriň döredilmegine ýardam berýär. Göwreliligiň gaýra üzülme bilen geçişi ulgamyň belli bir halkasynyň bozulmagy netijesinde bolup geçýär, bu bolsa düwünçegiň düşmelerine, ösmeýän göwrelilige, düwünçegiň ýagdaýynyň agyrlaşmagyna getirýär we düwünçegiň gipoksiýasyny, ösüşiniň s