Şöhratly taryhyň ýaňy
Hormatly Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda «Dünýä taryhynda öçmejek ýazgy galdyran Nusaý şalygynyň gadymy topragynda, häzir III müňýyllygyň başynda döwrüniň beýik taglymatlaryna ygrarly, dünýäde giňden meşhur bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri ýerleşýär» diýip belleýär. Aşgabat hakykatdan hem döwletli mekanda, siwilizasiýalaryň dörän topragynda ýerleşýär. Aşgabadyň we onuň töwereklerinde ýerleşen Parfiýa döwrüniň ýadygärlikleri Täze we Köne Nusaýyň gatlaklaryndan tapylan keramika önümlerini deňeşdirmek esasynda (b.e. öňki III — b.e. III asyrlary) senelenýär. XX asyryň ortalarynda arheolog M.Ý.Massonyň ýolbaşçylygynda Günorta Türkmenistanda toplumlaýyn ekspedisiýasy gadymy Nusaý şäherinde gazuw-agtaryş işlerini alyp barypdyr. Şonuň netijesinde, ol ýerden «Nusaý arhiwi» diýlip atlandyrylýan toýun bölekleriniň ýüzüne ýazylan ýazgylar tapyldy. Alym doganlar I.M.Dýakonow, M.M.Dýakonow we W.A.Liwşis dagy olaryň ýüzündäki hatlary okamany başarypdyrlar. Ondaky ýazgylaryň berýän maglumatlaryna görä, Aşgabat şäheriniň çäginde Parfiýa döwletine degişli berkitmeleriň, galalaryň we daşy berkidilen obalaryň 38 sanysynyň, üzümçilik meýdanlarynyň töweregindäki obalar bilen birlikde