"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Sport­da­ky ne­ti­je­le­riň bin­ýa­dy

Mil­li spor­tu­my­zyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi ýur­du­myz­da bu ul­ga­myň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni şert­len­dir­ýär. Çün­ki be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça he­re­ket ed­ýän res­mi­na­ma­lar bu ul­ga­my düz­gün­leş­dir­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. «Türk­me­nis­tan­da 2021 — 2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» hem-de ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ma­ny-maz­mu­ny­na hem aý­ra­tyn ün­si çek­mek ge­rek. Bu mak­sat­na­ma be­den­ter­bi­ýe we sport çä­re­le­ri­niň giň top­lu­my­nyň üs­ti bi­len sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­me­gi özün­de jem­le­ýär. Spor­tuň ösü­şi bo­ýun­ça kes­git­le­nen ýö­rel­ge­ler bol­sa mil­li tür­gen­le­ri­mi­ziň ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da uly üs­tün­lik­le­re ýet­me­gi­niň ýo­lun­da­ky mö­hüm ädim­le­ri eme­le ge­tir­ýär.

Jiu-jit­su ha­kyn­da

Türgeniň gün tertibi

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Tür­gen diý­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň sport ab­ra­ýy­ny dün­ýä ýaý­ýan sport hü­när­me­ni diý­mek­dir. Döw­let we hal­ka­ra de­re­je­li sport ýa­ryş­la­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­mak, döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des ýa­şyl Tu­gu­ny be­lent­de par­lat­mak üçin sport tür­ge­ni­niň gün­de­lik hök­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­li, ber­jaý et­me­li düz­gün-ka­da­la­ry bar. Bu­la­ryň äh­li­si «Tür­ge­niň gün ter­ti­bi» di­ýen dü­şün­je­de jem­len­ýär.

Paý­tag­tyň bi­rin­ji­li­gi

Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de spor­tuň küşt, şaş­ka, düz­züm gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. On­da 64 öý­jük­li şaş­ka bo­ýun­ça 14 we 18 ýa­şa çen­li og­lan­la­ryň we gyz­la­ryň ara­syn­da ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ri­len bäs­le­şi­ge 60-dan gow­rak tür­gen gat­naş­dy. Ýa­ryş­lar uly ýaş­ly tür­gen­le­riň ara­syn­da aý­law gör­nü­şin­de, ki­çi ýaş­ly­la­ryň ara­syn­da bol­sa şweý­sar usu­lyn­da gu­ral­dy.

Taryhda şu gün

1972-nji ýylyň 30-njy martynda Çehiýanyň Ýindržihuw-Gradese şäherinde doglan Karel futbol ýolunyň dowamynda ýerli «Dinamo» (1991-1994), «Wiktoriýa» (1994-1995), «Slawiýa» (1995-1996), «Sparta» (2002-2005), Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» (1996-1998), Portugaliýanyň «Benfika» (1998-2001), Italiýanyň «Lasio» (2001-2002) toparlarynda çykyş etdi. 1996-njy ýylda Çehiýada ýylyň futbolçysy diýlip yglan edilen bu hüjümçi milli ýygyndy toparyň düzüminde 118 duşuşyga gatnaşýar (1994-2006-njy ýyllaryň aralygynda). Ol milli ýygyndynyň düzüminde çykyş etmekde Çehiýanyň rekordçysy hasaplanylýar. Karel Poborski milli ýygyndy bilen Ýewropa çempionatlarynda kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolýar.

Sport we sag­lyk

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Aja­ýyp za­ma­na­myz­da hal­ky­my­zyň sag­dyn, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Sag­ly­gy go­ra­mak­da, ber­kit­mek­de spor­tuň, be­den­ter­bi­ýä­niň äh­mi­ýe­ti hem örän ulu­dyr. Şo­nuň üçin hem ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de sport ul­gam­la­ry­ny saz­la­şyk­ly sak­la­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir.

Sport. Sport. Sport.

Çekeleşikli boldy Golaýda Mary şäherindäki 6-njy sport mekdepde 2007-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa Aşgabat şäherinden we welaýatlardan türgenler gatnaşdylar.

Azi­ýa­nyň ku­bo­gyn­da­ky öz tanyşlarymyz

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ýa­zy­jy Ata Ata­ja­no­wyň «Öz ta­nyş­la­ryň» at­ly ro­ma­ny­ny okan bol­sa­ňyz ge­rek. Eser­dä­ki pel­se­pe ul­la­kan zat­dan söh­bet aç­ýa­nam bol­sa, aw­tor ro­man­da­ky gah­ry­man­la­ryň dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän her bir ki­çi­jik wa­ka­nam us­sat­lar­ça aý­dyp geç­ýär. Mu­nuň özi eser­dä­ki wa­ka­la­ryň ta­nyş adam­la­ryň dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän ýa­ly du­ýul­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gah­ry­man­lar sa­ňa ta­nyş, ýö­ne wa­ka­lar baş­ga­rak. Dog­ry, gah­ry­man­la­ryň bi­ze ta­nyş ýa nä­ta­nyş­ly­gy şol wa­ka­la­ra nä­de­re­je­de gatnaşýandygy esa­syn­da kes­git­le­nil­ýär. Şo­nuň üçin umu­my bir or­ta­lyk bar­dyr, el­bet­de? Bu so­wa­la soň do­la­na­rys. Hä­zir biz Azi­ýa yk­ly­my­nyň uly fut­bol sah­na­syn­da çy­kyş eden öz ta­nyş­la­ry­myz ha­kyn­da söh­be­di do­wam ede­li.

Meşhur türgenler hakynda filmler

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Sport dün­ýä­si­ne güýç­li adam­lar gel­ýär. Ola­ryň için­de meş­hur bol­ýan­lar hem az däl. Sa­naw­da sport ta­ry­hyn­da ýat­da ga­lan gy­zyk­ly wa­ka­lar ha­kyn­da çe­per we do­ku­men­tal film­ler hem bar. Ola­ryň üs­ti bi­len dün­ýä bel­li tür­gen­le­riň dur­muş ýo­lu­ny öw­ren­mek müm­kin.

Ki­bers­port sportuň täze görnüşi bolup, onuň esasy aý­ra­tyn­lyk­la­ry

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ki­bers­port — bu wi­deo oýun ýa­ryş­la­ry­dyr. Mun­da oýun­çy­lar ýe­ke­le­ýin ýa-da to­par­la­ýyn gör­nüş­de hem çy­kyş edip bi­lýär­ler. Elekt­ron spor­ta baş­ga­ça komp­ýu­ter spor­ty ýa-da es­port — elekt­ron spor­ty hem di­ýil­ýär. Ol spor­tuň we komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ut­gaş­dy­ryl­ma­sy bo­lup, wir­tu­al gör­nüş­de ama­la aşy­ryl­ýar.

Şöhraty aýandyr älem-jahana

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXIII Olim­pi­ýa oýun­la­ry ba­ra­da oý­la­na­nyň­da, onuň sa­na­wy­na gir­ýän grek-rim gö­re­şi ha­kyn­da oý­lar se­ri­ňe dol­ýar. Spor­tuň, oýun­la­ryň dö­re­ýiş, ösüş ta­ry­hy ha­kyn­da nä­çe oý­lan­dy­gyň­ça, bu ge­çi­len uzak ta­ry­hy ýo­luň do­wa­myn­da halk­la­ryň öza­ra dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň, bi­rek-bi­re­giň dö­re­den, dün­ýä be­ren gym­mat­lyk­la­ry­na go­ýan sar­pa­sy­nyň ta­ry­hy bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýar­syň.

Pa­riž 2024: fut­bol ýa­ryş­la­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di

Çempionlar Ligasynda çärýek final duşuşyklary

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da möw­süm ahyr­lap bar­ýar. Gel­jek hep­dä­niň si­şen­be we çar­şen­be gün­le­ri, ýag­ny 2-3-nji ap­rel­de ýa­ry­şyň çär­ýek fi­na­ly­nyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ri­ler. Çär­ýek fi­nal­da fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ne yk­ly­myň öň­de­ba­ry­jy 8 klu­bu­nyň ara­syn­da çe­ke­le­şik­li we dart­gyn­ly du­şu­şyk­la­ryň 8-si ga­raş­ýar. Du­şu­şyk­lar Aş­ga­bat wag­ty bi­len 00:00-da baş­la­nar. PSŽ–«Barselona»: taryhy duşuşyklaryň bijesi

Hepdäniň esasy duşuşyklary

29-njy mart (an­na) Lill – Lans (01:00)

Lebaply pälwanlaryň nobatdaky üstünligi

Türkmen türgenleri Moskwa şäherinde Sambony esaslandyryjylaryň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň dördüsini eýelediler. Ýaryşda sport sambosy boýunça gazanylan 4 medalyň üçüsine lebaply pälwanlar mynasyp boldular. Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu ýaryşa dünýä döwletleriniň 13-sinden pälwanlaryň 250-den gowragy gatnaşdy. Baýrakly orunlary almak ugrunda guralan tutluşyklarda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiň tälimçisi Jemal Awlýakulyýewa 65 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Ýurdumyzyň ýygyndysyna bürünç medaly-da ýene-de şol sport mekdebiniň tälimçisi 80 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Saodat Işmuradowa getirdi. Köýtendag etrabyndaky 4-nji sport mekdebiň tälimçisi Nedir Allaberdiýew bolsa 79 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala eýe boldy.

Türkmenistanyň birinjiliginden ýeňiş bilen

Aşgabat şäherinde ýeňil atletika boýunça 2005 — 2006, 2007 — 2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda guralan ýaryşlarda welaýatymyzyň topary birinji orna eýe boldy. Toparyň düzüminde türkmenabatly, dänewli, çärjewli we köýtendagly türgenler çykyş etdiler. Dürli aralyklara ylgamak, uzynlygyna bökmek boýunça we estafeta ýaryşlarynda ýeňil atletikaçylarymyz baýrakly orunlaryň 26-syna mynasyp boldular. Ýaryşa türgenleri tälimçiler Ildar Hojaýew, Sabina Sultanowa, Atajan Durdyýew, Çary Açilow taýýarladylar. Ýeňijiler degişli diplomlar we medallar bilen sylaglanyldylar.

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli 2009-2010-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň 4-nji sport mekdebi bilen bilelikde sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirdik. Ýaryşyň jemi boýunça  birinji orna «Deňizçi», ikinji orna «Mawy kenar», üçünji orna «Hazar» toparlary mynasyp boldular. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sport

KÜŞTÇILER BÄSLEŞDILER Döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde gowy netijeler gazanylýar. Sporta höwesek türgenleriň sany ýylsaýyn artyp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň sport abraýyny goramakda şowly çykyş edýärler. Ezber türgenleriň ýetişdirilmeginde sport mekdepleriniň tälimçileriniň saldamly goşantlary ýatlanylmaga mynasypdyr.

Sportuň sarpalanýan eýýamy

Türkmenistan — sport ýurdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyz dünýäde sportuň rowaçlanýan, olimpiýa hereketiniň we halkara hyzmatdaşlykda parahatçylygyň, hoşniýetliligiň ileri tutulýan ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň, çempionatlaryň yzygiderli geçirilýän ýurdy bolmak bilen, sportuň parahatçylygy, abadançylygy we birek-birege ynanyşmagy öňe sürýän ýörelgelerini bütin dünýäde dabaralandyrýar. Geçen ýylyň ahyrynda gözel paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň uly ruhubelentlige, ýokary guramaçylyga beslenip geçirilmegi ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has hem belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge ygtyýar berilmegi bagtyýar halkymyzyň, dünýä jemgyýetçiliginiň hem-de sport janköýerleriniň uly hoşallygyna eýe boldy. Ýurdumyzda halkara derejeli ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi jemgyýetimizde sport işjeňligini, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň güwä geçýär.