"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy

Ýurdumyzda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny artdyrmak we köpugurly düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir watandaşymyzyň gündelik durmuşynyň möhüm ýörelgesine öwrüldi. Bu ýörelgäniň esasy maksady ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Welaýatymyzdaky sport mekdeplerinde ýaşlaryň kämilleşmeklerini, ýokary netijelere eýe bolmaklaryny gazanmak üçin ähli şertler döredilendir. Tennis boýunça ussat türgenleriň geljegine giň ýol açýan Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 6-njy sport mekdebinde netijeli işler alnyp barylýar. 365 orunlyk bu sport mekdebinde sportuň meşhur görnüşleriniň biri bolan uly tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, kikboksing, badminton, gylyçlaşmak boýunça türgenleşik geçirilýär. Mekdebiň daşarky böleginde ýylyň islendik paslynda türgenleşmäge niýetlenilen uly tennis korty, basketbol, kiçi futbol meýdançalary bar. Bu sport mekdebinde häzirki wagtda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleriň 560-dan gowragy türgenleşýär.

Türkmenistanda ýene bir tennis baýramçylygy!

Ozal habar berlişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda Aşgabatda tennis boýunça halkara ýaryş — Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparlaýyn tapgyry geçiriler. Şeýlelikde, Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlyk baýramyny sport baýramy bilen garşylar. Ýakynda hormatly Prezidentimiz bu halkara ýaryşy geçirmek bilen bagly Karara gol çekdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda ýurdumyzda geçiriljek halkara sport ýaryşlarynyň biriniň tennis bilen baglanyşykly bolmagy bizi diýseň begendirýär. Ozalky tejribelerimize daýanyp, bu gezekki ýaryşyň hem ýurdumyzda tennis sportuna höwesekleriň sanyny ep-esli artdyrjakdygyna uly ynam bildirýäris.

Dewisiň kubogy: 121 ýyllyk ýol

Bu ýol ýaryşy ABŞ-dan Türkmenistana çenli alyp gelýär Gör, neneň oňat! Ýene sportly, has takygy, sportuň ruhuna eýlenen baýramçylykly günler gelýär. Şu ýyl mukaddes bagtynyň — beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etjek Türkmenistan Tennis boýunça Dewisiň kubogynyň sebitleýin tapgyryny we Welotrek boýunça dünýä çempionatyny hem kabul eder. Şu ýazgylarymyzda şol ýaryşlaryň ilkinjisi — Dewisiň kubogynyň sebitleýin tapgyry barada gürrüň etmegi makul bildik.

Sagdyn ýaşaýyş we sport sazlaşygynyň täze depginleri

Paýtagtymyzda sebit boýunça deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň ulanylmaga berilmegi, sport döwleti diýlip ykrar edilen Diýarymyza ýokary derejeli ýaryşlary kabul etmäge mümkinçilik döretdi. Olardan Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, birnäçe sport görnüşlerinde geçen synag ýaryşlary, sambo we söweş sambosy boýunça geçen Aziýa çempionaty, esasanda, 2017-nji ýylda iri sport baýramçylygyna öwrülen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ildeşlerimiziň ýadyndadyr. Bu ýaryşlar türkmen sportunyň abraýynyň halkara derejelere çykandygynyň aýdyň görkezijisine öwrüldi hem-de olaryň guramaçylyk derejesi köp sanly daşary ýurtly hünärmenlerdir sport ýolbaşçylarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ine, gözel paýtagtymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýene-de birnäçe ýokary derejeli ýaryşlary kabul etmäge taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyna», şeýle-de, ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak babatda gol çeken Karary bu taýýarlygyň başlangyjyny goýmak bilen, ýurdumyzda sport we bedenterbiýäni ösdürmegiň esasy ýörelgelerini özünde jemle

Sport we ekologiýa: sagdynlygyň sazlaşygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýedigi, beden taýdan taplanmaga ýardam berýändigi, ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen dana pähimden ugur alyp, biz — ýaşlara ruhy hem beden kämilliginiň ajaýyp görelde mekdebi bolup durýar. Ýaşlaryň arasynda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sporty bilen gyzyklanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşini sazlaşykly ösdürmäge, bar bolan düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, welosiped sporty bilen giň köpçüligiň meşgullanmagyny ýola goýmaga gönükdirilen «Türkmenistanda 2021−— 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň çäklerinde welosiped sporty yzygiderli ösdürilýär.

Sport — ýaşlaryň durmuş ýörelgesi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Munuň özi ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde, ösüp gelýän nesilleri sporta çekmekde, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda alnyp barylýan işlere täzeçe many-mazmunda uly itergi berer. Häzirki wagtda Diýarymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň kanunçylyk binýady has-da kämilleşdirilýär. daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňden ösdürilýär. Bu ugurda dünýä tejribesiniň gazananlaryny özleşdirmek we ýaşlaryň arasynda halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak babatda hem uly üstünlikler gazanylýar.

Geliň, bedenimizi berkideliň!

Ýurdumyzda her bir adamyň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda uly aladalary edýän milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmekde uly tagallalary edýär. Ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň ünsden düşürilmeýändigine gurulýan hassahanalary, şypahanalary göreniňde göz ýetirýärsiň.

Sport bilen aýdyň geljege tarap

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna bagyşlanyp, talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň ýaşlary sporta höweslendirmek barada öňde goýan wezipeleri, Maksatnamada bellenen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek barada işjeň gürrüň edildi. Ýaşlaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegini, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren milli mirasyna, zähmete söýgi döretmek maksady bilen guralýan çäreleriň ähmiýeti buýsanç bilen nygtalyp, ata Watanymyzy halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Olimpiýa şäherçesi — Aşgabadyň göwher gaşy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar bilen geçýän ýylymyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň ýurdumyzda geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi hormatly Prezidentimiziň welosiped sportuny ösdürmek boýunça alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň dabaralary bilen sazlaşýan bu taryhy sport ýaryşlarynyň ak şäherimizde geçirilmegi türkmen paýtagtynyň şan-şöhratyny has-da artdyrýar. Aşgabadyň öň hem dünýäniň welosiped sporty boýunça taryhy wakalar bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alnanlygy hemmämize mälimdir. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň çäginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän 6 müň orunlyk döwrebap Welotrek merkezi hereket edýär. Sportuň şu görnüşi boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde meýilleşdirilýän bu merkez binagärlik aýratynlygy, ajaýyp şertleri, türgenleşmek üçin döwrebap enjamlary we amatly mümkinçilikleri bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Paýtagtymyzda «Welosiped» binasynyň döredilmegi hem öňdengörüji milli Liderimiziň sportuň şu görnüşini ösdürmekdäki ajaýyp tagallalarynyň biridir.

Sport — sagdyn ýaşaýşyň girewi

Halkymyzda «Saglygym — baş baýlygym» diýen pähim bar. Bu pähim häzirki döwürde ýurdumyzda giňden ýaýbaňlanýan bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary derejeli sporty we olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen belent işlerde ugur alynýan özboluşly çelgi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, jemgyýetimiziň hem döwletimiziň iň gymmatly hazynasy bolan ynsan saglygyny berkitmek, ýaşlary sport ruhunda terbiýelemek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýakynda «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Alyslary nazarlaýan tälimçi

Sport we ýaşlyk güýç-kuwwaty, egsilmez hyjuwy alamatlandyrýar. Bulary durmuş ýörelgesine öwren bagtyýar ýaşlarymyzyň biri hem Daşoguz şäherindäki 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň welosiped sporty boýunça tälimçisi, Türkmenistanyň welotrek boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Nargeldi Igdirowdyr. Häzirki wagtda Nargeldi Igdirow Aşgabat şäherinde geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndymyzyň türgenleri bilen paýtagtymyzda türgenleşik geçýär. Şol sebäpli hem, onuň bilen telefon arkaly söhbetdeş bolduk.

Zehin bilen yhlasyň sazlaşygynda taplanan türgen

Paýtagtymyzdaky 2-nji sport mekdebiniň kikboksing bölüminiň ezber tälimçisi Orazmuhammet Kömekowyň sport älemindäki zähmet ýoly, bu ugurda gazanan üstünlikleri, köp sanly türgenler bilen düşünişmek ukyby häzirki ýaş tälimçilerimiz üçin nusga alarlyk mekdepdir. Ine, biziň şu makalamyz hem, şol nusgalyk ýörelgäniň syrlaryny okyjylar köpçüligine sada dilde ýetirmäge bolan synanyşykdyr. Orazmuhammet 1993-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Kerim Gurbannepesow adyndaky 52-nji orta mekdebinde 1-nji synpa okuwa barýar. Mekdepden uzakda bolmadyk bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda geçirilýän türgenleşikler eýýäm şol wagtlardan başlap onuň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolýar. Kikboksing ussadynyň öz ýatlamagyna görä, ol her gün diýen ýaly mekdepdäki uly arakesmede ylgap, şol türgenleşikleri görmäge gider ekeni. Onuň yhlasyna görä, mekdepdäki uly arakesme karate boýunça geçirilýän türgenleşikleriň wagty bilen gabat gelipdir. Şeýlelikde, Orazmuhammediň çaga kalbynda karate bilen meşgullanmak höwesi möwç urýar. Ol bu islegini kakasyna aýan edýär we tiz wagtdan maşgalabaşy Dörtguly aga perzendini «Demirýolçy» bedenterbiýe-sagaldyş toplumyna alyp barýar. Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Arif Buharakow karate türgenleşiklerini alyp barýardy. Orazmuhammet hem ýaş karateç

Sportuň ösen diýary

Eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda mähriban halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşynyň ýokarlanmagy babatda hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen uly işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde adam saglygyna uly üns berilýär. Çünki adam saglygy elmydama üns merkezinde durýan esasy meseleleriň hatarynda durýar. Geçen ýyl mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň öňüsyrasynda alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby halkymyza gowuşdy. Milli Liderimiziň halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan syýasaty iş ýüzünde beýik taglymat hökmünde öz ornuny tapýar. Munuň özi döwletimizde adamyň ömrüniň, onuň saglygynyň, abadançylygynyň, mynasyp ýaşaýyş-durmuş derejesiniň döwlet üçin ýokary gymmatlyk bolup durýandygynyň kepillendirmesi hökmünde çykyş edýär. Halkymyzda «Saglygym — baş baýlygym» ýa-da «Saglykdan gymmatly zat ýok» diýlen aýtgy hem bar. Beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy goşgusynda «Jany sagyň sözlär tili» diýip bellemek bilen, ynsan saglygyna ýokary ähmiýet berýär. Biziň ata-babalarymyzdan gelýän sagdyn durmuş ýörelgesi häzirki günde halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

Sagdynlyga binýat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen her bir maşgalanyň, raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli şertler döredilýär we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berilýän sport toplumlary ýaş nesilleriň sagdyn ruhda terbiýelenmegine uly ähmiýet berilýändigini subut edýär. Ösüp barýan ýaş nesillerimiziň mekdep döwründen başlap bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň 22-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini aýdyň tassyklaýar. Milli Liderimiz şol mejlisde häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, köpçülikleýin beden

Sport ruhubelentlikdir

Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan örän möhüm ugurlarynyň biridir. Bu syýasat halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli ýetişdirmäge, olimpiýa hereketini köpçülikleýin we giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir» diýip bellemek bilen, ata Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty höweslendirmek hem-de ösdürmek bilen birlikde, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şeýle hyzmatdaşlyklaryň netijesinde türkmen sportunyň dünýädäki şan-şöhraty barha belende galyp, Türkmenistanyň ösen sport ýurdy hökmündäki orny pugtalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bu gün türkmen sporty ösüp, şan-şöhraty belentliklere çykýar, ýurdumyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrülýär, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport-sagaldyş hereketleri giň gerim alýar. Munuň şeýle bolmagynda eziz Diýarymyzyň çäginde gurulýan sport maksatly desgalaryň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap enjamlaşdyrylan sport mekdepleri, toplumlary, meýdançalary we bu ugra degişli beýleki desgalar hereket edýär. Paýtagtymyzda köpugurly sport toplumlary, sportuň dürli görnüşlerine niýetlenen häzir

Sagdyn ýaşaýşyň we sportuň täze belentliklerini nazarlap

Ozal habar berlişi ýaly, 22-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli Karara gol çekip, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny», şeýle-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Bu resminamalar ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmegiň esasy ýörelgelerini özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň sportdur bedenterbiýäniň taryhda görlüp-eşidilmedik derejedäki ösüşlere eýe bolandygyna ählimiz şaýat. Ýetilen sepgitlerde işleriň oýlanyşykly, maksatnamalaýyn ýola goýulmagynyň aýratyn uly paýy bar. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan işlenip düzülen täze, bäşýyllyk Maksatnama we ondan gelip çykýan Meýilnama bu tutumlary mundan beýläk hem dowam etdirmegiň esasy çelgisi bolar.

Olimpiýa şäherçesi — halkara ýaryşlaryň merkezi

Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekmek döwlet syýasatynda möhüm ugurlar hasaplanylýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän resminamalar berk bedenli ýaşlary terbiýelemekde hukuk binýadyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary bilen sport ulgamynda ýaşlar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mähriban Watanymyzda milli Liderimiziň göreldesine eýerýän ýaşlar sportuň birnäçe görnüşinden başarnyklaryny artdyrýarlar. Muňa halkara sport bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýan we baýrakly orunlary eýeleýän türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesine seredenimizde, has aýdyň göz ýetirýäris. Milli Liderimiziň: «Ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmäge raýatlarymyzyň işjeňligini artdyrmaga hem-de saglygyny berkitmäge hemişe üns bereris» diýip belläp geçişi ýaly, döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösen ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek babatdaky tagallalaryň netijesinde, Türkmenistan köpçülikleýin sportuň ösýän we abraýly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 6 — 12-nji sentýabry aralygynda A

Sport — sagdynlygyň açary

Saglyk ynsanyň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygydyr. Sagdyn jemgyýet bolsa, döwletiň mizemez binýady bolup durýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzda watandaşlarymyzyň sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işleriň netijesinde gazanylýan ösüşler hem äşgär edýär. Ine, şeýle işleriň amala aşyrylmagy bilen ata Watanymyz bütin dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýar. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen amal edilýän ähli döwletli tutumlar häzirki wagtda giň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 13 — 17-nji oktýabry aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek iri halkara sport ýaryşy bolan Welotrek boýunça dünýä çempionaty hem aýdyň şaýatlyk edýär.

«Akyl oýnunyň» 4 gezek çempiony (Siziň deň-duşuňyz)

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri buýsançly, taryhy wakalara beslenip, ýaş nesillerimize hem şatlykly duýgulary bagyş etdi. Ýurdumyzyň birnäçe zehinli çagalary Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp boldular. Şolaryň biri-de Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatyň 9-njy synp okuwçysy Selbinýaz Jumaýewadyr. Selbinýaz bu baýraga sportuň düzzüm görnüşi boýunça birnäçe baýrakly orunlara mynasyp bolandygy, Watanymyzyň sport abraýyny ösdürmekde goşan goşandy üçin ýetdi. Aslynda, Selbinýaza sportuň bu görnüşi bilen özüni bilip başlandan bäri tanyş diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Olaryň tutuş maşgalasy sportuň muşdaklary, sportuň ussatlary. Bu ýagdaý kiçijek Selbinýazjygy hem biparh goýman, onda sporta bolan uly höwesi döredýär. Ol eýýäm 5 ýaşynda mahaly türkmen milli oýny bolan düzzüm oýnuny ymykly ele alýar. Şeýdibem 4-nji synpda Türkmenabat şäherindäki 13-nji küşt we şaşka boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdebine gatnap başlaýar we bu ugurda ýokary derejede tejribe toplaýar. «Sportuň bu görnüşi beýnimiziň işjeňligini, ýatkeşligimizi artdyrmaga örän peýdaly» diýýän Selbinýazyň halypasy hem-de atasy Kamyljan Babanyýazow bize şeýle gürrüň berdi:

Sport–saglyk, ruhubelentlik, dostluk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli rowaçlyklaryň, belent sepgitleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz şahsy göreldesi bilen watansöýüjiligiň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň belent nusgasyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň sowatly, watanperwer, kämil ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin amala aşyrýan giň göwrümli we aýdyň maksatly işleri, oňyn özgertmeleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň» ýylynda öz ajaýyp netijelerini berýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem wagyzçysy bolan hormatly Prezidentimiz adam, onuň saglygy we abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirdi. Şonuň netijesinde bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmak ýurdumyzyň raýatlarynyň, esasan-da, ýaş nesliň gündelik durmuş kadasyna öwrüldi. Çünki, ruhubelentlik, belent ahlaklylyk, kämil bilim we dury akyl saglykdan gözbaş alýar. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda parahatçylygyň, abadançylygyň ilçisi bolan sportuň hem-de sport diplomatiýasynyň möhüm orny bardyr. Parahatçylygyň, dostlugyň kepili bola