Hajymeligiň tamdyry

17 Noýabr 2021
2874

Oglankak ýazda Erkgala, Soltangala, Şähriýargala, Gäwürgala ysmanak, selme, ajybalgaz, kömelek ýygmaga giderdik. Şonda garrylar: «Haraba dileg edermiş: «Adam basman, ile göz-gülban bolup ýüz ýyl oturanymdan, ugruma seretmän, saýamda oturýany basyp, şu gün ýykylaýyn” diýermiş. Şonuň üçin galaň, harabaň kölegesinde oturaýmaň! Hajymeligiň tamdyryna-da münäýmäň. Tamdyra münseňiz, günäsi garagňyzy gapyp, kör bolarsyňyz” diýip gorkuzardylar. Bizem kör bolmajak bolup, näçe çytraşsak-da çaga bilesigelijiligi günümize goýmazdy. Gadagan zady, iň bolmanda, bir gezek jyklap görmek höwesi gorkudan üstün çykardy. Şonda Uly Gyzgalanyň ýanynda Hajymeligiň tamdyry diýilýän ýerde ýygnanan ýagyş suwunyň içine palçyga garyp, tokgalap gawun-garpyz çigidini zyňyp, düme ekip ýören ýaşuly şu rowaýaty aýdyp berdi:

— Goçgarlar, görýäňizmi, men şu harabalykda däl-de, sesýetim beýleräkde çatma dikendirin. Ýogsam, galyň diwarlary epgekden gorasa, atly sygaýmaly körüginden köwsarlaýan şemal bu harabanyň içini buz ýaly saklaýar. Aslynda, bu desga ir döwürlerde ýagan gary ýygnap getirip, gat-gat edip ata basgyladylyp, agşamlaryna suw sepip doňdurylyp, ýörite buz saklanýan ýahdan-buzhana bolupdyr. Şol buzhanalarda hökümdarlara epgekli yssyda buz ýaly şerbetli içgileri, daşary ýurtdan gelen del nygmatlary — yssyda zaýa bolaýjak iýmitleri saklapdyrlar.

Beýleki habarlar