Halkyň hyzmatynda

16 Oktýabr 2021
2781

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda ýurdumyzda hereket edýän onlaýn söwda dükanlarynyň sanawyna «Parahat» hususy kärhanasy tarapyndan işe girizilen «Ozan» onlaýn söwda dükany hem goşuldy. Ol paýtagtymyz Aşgabadyň çäginde we Änew şäherinde dürli görnüşli harytlary eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýar. Bu onlaýn dükanda milli hem-de dünýä belli haryt nyşanly önümleriň ýüzlerçe görnüşi alyjylara hödürlenilýär. Onlaýn dükanyň işgärleri olaryň hiliniň we ýaramlylyk möhletiniň talabalaýyk bolmagy ugrunda tagalla edýärler.

«Ozanyň» hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin, kompýuter ýa-da mobil telefony arkaly www.ozan.com.tm internet sahypasyna girip, şeýle hem ýörite mobil goşundysynyň kömegi bilen sargyt edip bolýar. Sargytlar gysga wagtyň dowamynda bellenilen salga gowşurylýar. Sargyt edilen harytlar üçin hasaplaşyklar nagt ýa-da elektron görnüşde amala aşyrylýar.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar