Sanly ulgam — şu günüň we geljegiň ösüşi

15 Sentýabr 2021
1758

Berkarar döwletimiziň röwşen geljegini özüniň aýdyň ýoly bilen ýöredýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün bagtyýarlyk döwrümizde dünýä derejesinde ösýän hem özgerýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz örän baý wakalary bilen diňe geçmiş taryhyň däl, eýsem, geljek üçin hem öz döwrüniň mizemez eşretlerini halkymyza bakylyk miwesi hökmünde goýup gelýär. Ata-baba arzuwlap gelen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bu ýyl — hormatly Prezidentimiziň paýhas nurundan sünnälenip çykan parasatly hem öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz şanly 30 ýyly arka atýar, şanly 30 ýyllyk ýubileýini uly baýram, uly toý edip belleýär!

Beýik özgertmeler döwrümizi bize peşgeş beren milli Liderimiziň döwlet baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda öň görülmedik ösüşlere ýetildi. Oba hojalygy, ylym-bilim, ykdysadyýet, maliýe, gurluşyk we senagat önümçiligi, söwda gatnaşyklary ýaly ulgamlaryň ählisinde hem uly netijelere eýe bolundy.

Baýmyrat MUSAÝEW,
«Esger».
Beýleki habarlar