Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň ygtybarly binýady

9 Mart 2021
1683

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň durmuş hal-ýagdaýyny häsiýetlendirýän esasy görkezijiler durnukly ösýär. Üstümizdäki ýylyň 22-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýetiň okgunly ösýändigini, munuň özi eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanyp, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda sanly ykdysadyýetiň bu giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalar hem tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işleri has oňat guramaga, utgaşdyrmaga hem-de netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam berýän netijeli dolandyryş guralydyr hem-de döwrüň wagty gelen zerurlygydyr.

Halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň elmydama ýokary derejede saklanylmagyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, onuň maddy esasyny düzýän kuwwatly ykdysady binýada baglydyr. Ýurtda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy üçin milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny hemişe ýokary derejede saklamak zerur bolup durýar. Hut şoňa laýyklykda, bilimlere we innowasiýalara daýanýan hem-de ilatyň intellektual we durmuş şertlerini ygtybarly dünýä standartlarynyň derejelerine ýetirýän bazar ykdysadyýetindäki özgertmeleri geçirmek alym Arkadagymyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy maksatlarynyň hatarynda durýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä bazarynda ýokary bäsdeşlige eýe bolan harytlaryň dürli görnüşleriniň öndürilişi hem günsaýyn artýar. Ýagny innowasion kärhanalaryň ençemesi işe girizilýär hem-de şu maksatlar üçin döwletimiz tarapyndan uly serişdeler gönükdirilýär.

Zamira BABANAZAROWA,
Lebap welaýat kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar