Kuwwatly ykdysadyýet — ösüşleriň baş şerti

23 Fewral 2021
1410

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimizde ykdysady ösüşiň ýokary depginleri yzygiderli we ynamly saklanylyp gelinýär. Bu bolsa ýurdumyzyň saýlap alan ykdysady ugrunyň döwrüň öňe çykarýan talaplaryna we şertlerine kybap gelýändigini, onuň geljege gönükdirilendigini görkezýär.

Türkmenistan uzak möhletli maýalyk serişdeleri gönükdirmek babatynda ýokary derejede özüne çekiji ýurt bolmagynda galýar. Ýurduň ägirt uly uglewodorod we mineral-çig mal gorlaryna eýedigi, iri möçberli önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi, täze önümçilikleriň yzygiderli işe girizilmegi hem-de üstünlikli hereket edýändigi ykdysadyýetiň netijeli işlemegi üçin zerur bolan şertleri döredýär. Ýurdumyz gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň amala aşyrýan maliýe syýasatynyň baş wezipeleriniň biri milli maliýe ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam berýän ugurlarda oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Oguljan ATDAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar