Meşhur şahsyýetlerimize sarpa goýulýar

17 Fewral 2021
1418

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň taryhyny, milli mirasyny, halkymyzyň däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini, geçmişde ýaşap geçen tanymal türkmen şahsyýetleriniň ömri we döredijiligini öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda tutumly işler alnyp barylýar. Dünýäniň we Türkmenistanyň taryhynda, edebiýatynda, ylmynda uly yz goýan belli türkmen şahsyýetleri has giňişleýin öwrenilip, olar baradaky maglumatlar ýaş nesillere ýetirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eserinde: «Ata-babalarymyzyň, meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň il-ulsumyza galdyran pentleri asyrlaryň gatyndan many açýar» diýen ajaýyp sözlerinden belli bolşy ýaly, geçmişde ýaşap geçen gerçekleriň durmuşyny öwrenmek bilen, şol döwrüň taryhy wakalaryna göz ýetirýärsiň.

Akmuhammet AKMYRADOW,
Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
Beýleki habarlar