Gadymdan gelýän adat

17 Fewral 2021
1604

Şatlyk-şowhuny çar ýana ýaň salyp, uludan tutulýan toýlarymyzyň esasy bezegleriniň biri göreşdir. Goýlan baýraklary almak ugrunda pälwanlar göreşiň berk düzgün-kadasyna eýerip, özara bäsleşýärler, şonda ähli märekäniň ünsi olara gönügip, toý şowhuny has-da artýar. Ogşuk, ikiýaşar duluç, öküz, göle ýaly uly mallary göreşe baýrak hökmünde goýýarlar. Toýlara ýakyn-alysdan pälwanlar çagyrylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarydyr etraplarynda, oba-kentlerinde baýrak goýluşy tapawutly bolsa-da, toý göreşleriniň geçirilişinde umumylyklar köpdür. Göreş geçirmek üçin amatly, gumluk, ýumşak ýer saýlanyp, onuň daşynda tomaşaçylar tegelenip oturýarlar, ortada pälwanlara göreşmäge ýer goýulýar. Göreşi guramaçylykly geçirmek, ýeňijileri kesgitlemek üçin il-ulus tarapyndan hormatlanýan, göreşden başy çykýan adamlar emin saýlanýar. Eminler ortada gezip, göreşiň gidişine ýakyndan gözegçilik edýärler.

Merkezi Garagumda ýerleşýän çarwa obalarynda öňden gelýän düzgüne laýyklykda, toý göreşine nähili görnüşli baýrak bolsa-da, dört-dörtden goýulýar. Aýdaly, mal, keçe ýa başga hili öý goşy baýrak goýulsyn, tapawudy ýok, şonuň sany dört bolmaly. Gymmatly baýraklar göreşiň başynda goýlup, dört tokly, dört çebiş tutmak öňden gelýän adatdyr. Baş baýraklardan daşary pul, keçe, haly, hojalyk esbaplary ýaly dürli görnüşli baýraklar göreşe goýulýar. Göreşmäge meýli bolan islendik höwesjeňe güýjüni synamaga mümkinçilik döredilýär. Göreşe gözegçilik etjek eminler yglan edilýär. Eminlerden biri baýraklaryň görnüşini märekä ýetirýär, şonuň ýaly-da, göreşe çykan pälwan bilen tanyşdyrýar. Göreşiň sag-aman tamamlanmagy üçin ähli halaýygyň goşulmagynda dili senaly ýaşulularyň biri ýagşy dilegler edýär. Ilkinji gymmatly baýrak dört toklyny almak ugrunda sekiz sany ýaş pälwanyň tutluşmagy bilen, göreş başlanýar. Dört sany ýykan pälwanyň hersi bir toklyny alýar. Olardan soňra baş pälwanlyga dalaş edip ýören sekiz sany ýaş pälwan baýrak goýlan çebişleri almak ugrunda bäsleşýärler. Ikinji tapgyr hem tamamlanansoň, üçünji, dördünji tapgyrlar bilen göreş tä baýraklar ahyrlaýança dowam edýär.

Begenç BAÝNEPESOW,
Akdepe etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar