Miweli daragt

16 Fewral 2021
1573

Bahar pasly özüniň ýaşyl begrese bürenen tebigaty, al-elwan gülleri, parç bolan läle-reýhanlary bilen owadan. Türkmen sährasyna kükräp gelen bahar pasly häzirki zaman türkmen şygryýetine ýaz şemalynyň mylaýymlygy, gülleriniň näzikligi we bahar howasynyň hoştaplygy duýlup duran goşgulary bilen girip gelen Miwe Tuwakbaýewanyň döredijiliginiň esasy gönezligidir. Şahyr zenanyň dürli döwürlerde neşir edilen «Sähra gyzy» (1981 ý.), «Sallançak» (1985 ý.), «Çöregiň tagamy» (1991 ý.) atly goşgular ýygyndylary okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Miwe Tuwakbaýewanyň özboluşly döredijilik ýoly bar. Şahyr söz bilen inçe duýgularyň suratyny çekýär.

Şygryýet dünýäsi — bu duýguly dünýä. Oňa mähir-muhabbet gerek. Döredijilik üçin irginsiz gözleg, synmajak yhlas gerek. Söz, şygyr bu — nur. Şahyr onuň bilen ynsanlaryň köňül külbesini ýagtyltmaly.

Annatuwak KAKAÝEWA,
Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri
Beýleki habarlar