“Gelin ýöreýşi ýa-da Myrat haýran” sazy

10 Fewral 2021
1682

2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda halypa žurnalist Allaberdi Sapargeldiýew bilen salamlaşaly hem-de saglygyny soraly diýip barypdyk. Zanny ýumşak häsiýetli Allaberdi aga bizi güler ýüz bilen garşy aldy. Çaý-nahardan soňra köne tanyşlar — Mary etrabynyň Mülkburkaz geňeşliginiň ýaşaýjysy Togtagül Kaka gyzy bilen Allaberdi aganyň gürrüňleri alşyp gitdi. Şonda Allaberdi aga:

—Togtagül, sen ýaşlykdan türkmeniň edep-ekramyna, däp-dessuryna degişli rowaýatlar bilen gyzyklanyp ýörsüň. Hany, şolardan birini gürrüň bersene — diýip, gürrüňdeşligi ugrukdyryp goýberdi. Öňdenem ýumşak häsiýetli, türkmeniň inçe sungatyna ýüregi bilen berlen, ata-babalarymyzyň döreden medeni mirasy bilen gyzyklanyp ýören Togtagül Kaka gyzy:

Beýleki habarlar