Bally tüýdükçi

5 Fewral 2021
1937

Ömürboýy ussaçylyk edip, köňül beren kesbini, daýyma ileri tutan işini emelli-başly ýöredip gelýän Bally Kadyrow tüýdük saz guralynyň dürli görnüşlerini, öý-hojalyk esbaplaryny ussatlyk bilen ýasaýan, gön eýläp, milli biçüwde agar çäkmenleri, içmek-possunlary tikýän halypa senetkärleriň biri hasaplanýar. Onuň arkama-arka gelýän köne ugur-ýollary döwrebap usullar bilen kämilleşdirip hem başarnykly ulanyp döreden gadymy nusgadaky gurallary aýry-aýrylykda hersi bir sungat eseri. Olaryň ziwer jähek çalnan daş durkunyň enaýylygy, kümüşleç nagyşlar salnan kindiwan görnüginiň täsinligi hem-de täsirliligi haýran galdyrýar. Medeni mirasymyzy baýlaşdyrmaga, beýik geçmişimizi täzeçe röwüşde şöhlelendirmäge gözellik goşandy bolan bu ajaýyp işler indi altmyş ýyl çemesi wagt bäri kän-kän sergileriň, baýramçylyk dabaralarynyň, toý çäreleriniň bezegi bolup gelýär.

Tüýdügiň geň galdyrýan del görnüşlerini ýasamaga, üstesine, gargy tüýdüge üýtgeşik heň berip, dilli tüýdüge dil bitirip çalmaga ussatlygy sebäpli, Bally tüýdükçi ady bilen tanalýan senetkär Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Almalyk geňeşliginde ýaşaýar. Tebigatyna muwapyk mylaýym, ýagşy sözli ýaşuly bu töweregiň kethudasy, toý-märekeleriň geňeşdary hökmünde hormatlanýar; inçe senede telwasly ýaşlary şägirt tutup, olara sylagly hünäriň inçe syrlaryny, usul-tärlerini öwredýär. Oýlap-tapmak höwesini jäht tutup, täze zatlary döretmek niýetine ulaşýan Bally aga aý ýarym çemesi iş edinip, gargy gamşy suw kädisine sepläp, tüýdügiň juda ykjam, göze gelüwli görnüşini ýasapdy. Heň-owaz ýaýrawynyň göwrümine laýyk, “kädili dilli tüýdük” diýip at beren üýtgeşik tüýdügini Bally aganyň hut özüniň ilkinji ýola zeberdest çalan wagtyna duş gelmek, owazyny diňlemek bagty miýesser etdi.

Amanmyrat SAPAROW.
“Türkmenistan”.
Beýleki habarlar