Watansöýüji ýaşlar kemala gelýär

27 Ýanwar 2021
1407

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz gülläp ösýän döwletleriň hatarynda tanalýar. Hormatly Prezidentimiz ýurt baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap, halkyň röwşen geljegini, ýurduň nurana ykbalyny ünsden düşürmän, hemişe ýurdumyzyň, halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen beýik işleri amala aşyrýar. Şeýle tutumly işler häzirki bagtyýar günlerde hem dowamat tapýar. Ýurdumyzyň her bir künjeginde durmuş-medeni maksatly binalaryň hatary günsaýyn artýar. Halk bähbitli uly işlere badalga berilýär. Muny biz Arkadag Prezidentimiziň geçirýän maslahatlarynda, mejlislerinde, edýän taryhy çykyşlarynda aýdyň görýäris. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi we ýylyň nyşany tassyklanyldy. Munuň özi, elbetde, türkmen raýatlarynyň, aýratynam, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watançylyk duýgusyny ösdürmäge ýardam edýär.

Çagalar sungat mekdebimizde okaýan okuwçylarymyzyň arasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri hakynda söhbetdeşlik geçirip durýarys. Bagtyýar nesillerimiziň bagtly çagalygynyň olaryň ertirki güne bolan ynamyny berkidýändigi buýsanjymyzy artdyrýar.

Leýli ÝAGMYROWA,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar