Kitaby nädip çalt okamaly?

26 Ýanwar 2021
1628

Gysga ýazgylary okaýandygyňyz siziň örän haýal okaýandygyňyzdan habar berýär. Çalt okamaga bolan islegimiz, ilkinji nobatda, diňe öz-özümizi yzygiderli türgenleşdirmegimiz bilen hasyl bolýar. Onuň ilkinji düzgüni bolsa, gözlerimizi dogry ulanyp bilmegimizdir. Gözlerimiz edil surata düşürýän enjam ýaly, diňe belli bir aralygy dury görüp, galan bölekleri dumanly görýär. Şol dury görünýän ýer bolsa okamagymyza kömek edýär. Okamak üçin nazarymyzyň dury görünýän ýeri 4 santimetr bolup, ony yzygiderli okamak bilen giňeldip bileris. Görüş nokadymyzyň giňemegi çalt okamagymyza ýardam etjek ilkinji sebäpleriň biridir. Okaýan mahalymyz gözlerimiz çepden saga belli bir yzygiderlilikde şol bir çyzykda hereket edýär. Bu hereket beýnimiziň sözleri sözlemlere öwrüp, ondan many çykarmagymyza kömek edýär.

Çalt okamak üçin peýdaly maslahatlar:

Taýýarlan Güljeren ÝARAŞOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar