Säher synlap, bu owadan jahany (Oýlanma)

24 Ýanwar 2021
1489

Ýylyň her bir pasly özüniň owadanlygy, aýratynlygy, özboluşlylygy bilen türkmen sährasyny bezeýär. Altyn Güneş gyzgyn çogy bilen pasyllara hemdem bolýar, enäniň ýürek töründen gözbaş alýan mähremlik akabasy kimin, Güneşiň hem öz howrundan yssylyk mährini topraga siňdirmegi tebigaty gül-gülzarlyga öwürýär. Dünýämiz owadanlyga beslenýär. Ol owadanlyga bütin durkuň bilen teşne bolmazlyk mümkin däl. Belent-belent kemerli daglaryň howalanyp oturşy, gözbaşyny şo-ol goja daglardan alyp gaýdýan çeşmäniň Gurbannazar Ezizow bilen Nury Halmämmedowyň yhlasyndan dörän «Türkmen sährasy» aýdymynyň mylaýym sazyna meňzeş owaz bilen şildiräp akýan jana melhem suwy, ýaşyl baýyrlyklarda erkana gezip ýören jerenler... Onsoň, şu gözellikleri synlap, olara haýran galyp, neneň türkmen topragyna behişdi Diýar diýmejek.

Hormatly Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik kitabyndaky ösümlikleri dogry ulanyp bilseň, olaryň melhemlik peýdasynyň uludygyny görmek bolýar. Diýmek, ene topragyň üstünde bitýän ösümlikleriň, daragtlaryň hiç biriniň yrýasy ýok. Müň bir derdiň dermany üzärligi diýsene! Lukman Hekimiň öz döwründe bu melhemlik oty dertlilere derman hökmünde ulanyp başlamagy asyrlaryň dowamynda janlara melhem bolup gelýär. Taryhymyza ser salanymyzda-da, akar suwly ýaplaryň boýlaryna, köçeleriň gyralaryna, howlulara, seýil baglaryna daragtlary, gülleri ekmek, olara ideg etmek halkymyz üçin hem-ä lezzetli zähmet, hem-de sogaply iş bolandygyny duýýarys. Ata-babalarymyz daş-töweregini gür baglyga öwrüpdir, bu asylly häsiýeti dowamat dowamynyň gursagyna-da guýupdyr. Bu işe elinde pil tutup bilýän çagalar hem işjeň gatnaşypdyrlar. Şeýlelikde, türkmen tebigaty gül-gülzarly, bagy-bossanly gözel mekana öwrülipdir. Bu günki gün daragtlaryň dürli görnüşleri owsun atýar.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar