Türkmenistan — egsilmez tebigy baýlyklaryň mekany

21 Dekabr 2024
118

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli nebitgaz senagatynyň ösüşinde ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Şunda «Türkmennebit» döwlet konserniniň işine uly orun degişli bolup, häzir onuň gury ýerlerde ýerleşýän ýataklarynyň 30-dan gowragynda iş alnyp barylýar. Olarda nebitli, nebitgazly we gazly gatlaklaryň ýüzlerçesi bar. Konserniň kärhanalarynda çykarylýan uglewodorod çig malynyň alnyşyny durnuklylaşdyrmak, möçberini artdyrmak işleri ýataklaryň işlenip taýýarlanyşyny çaltlandyrmagyň, täze meýdançalary we düzümleri özleşdirmegiň hasabyna amala aşyrylýar.

Nebitgaz toplumynda ylmyň soňky gazananlary we innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Nebitli we gazly känlerde iş alyp barmakda baý tejribeleri bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan degişli känlerde nebitgaz çykarýan we gaz gysyjy desgalaryň, nebit ýygnaýjy nokatlaryň birnäçesi guruldy, ýokary basyşly gazlift usulynyň öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirilýär. «Hazar», «Goturdepe» we «Serdar» gaz gysyjy desgalary gurlup, ulanyşa girizildi.

Weýis AMANTAGANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar