Türkmen sährasynyň waspçysy

5 Ýanwar 2021
2773

Bahar ýaly joşgunly, umman ýaly çuň eserleri bilen okyjylaryň aňynda, kalbynda ýaşamagy başaran türkmen poeziýasynyň ägirtleriniň biri hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowdyr. Onuň şygryýet äleminde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan goşgularynda türkmen sährasynyň gözelligi, baharyň waspy, güýzüň agraslygy inçelik bilen beýan edilýär. Türkmen sährasynyň aşygy Gurbannazar Ezizow ýiti zehinidir täzeçilligi bilen XX asyr türkmen edebiýatynda görnükli yz galdyrdy. Onuň şygyrlarynyň düýp özeni ýagşy niýetdir päklige, sadalyga we belent adamkärçilige ýugrulandyr. Muňa şahyryň «Söýüň çagaňyzy», «Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy», «Oňarsaň, bar zady oňatlyga ýor», «Şadyýan Gün», «Neneň oňat», «Gyzlaryma» ýaly goşgulary mysaldyr.

Şahyryň ak gar deýin arassa, säheriň howasy ýaly tämiz şygyrlarynda aýdýan pikirleriniň özboluşlylygy, tebigylygy, hiç bir şahyryňka meňzemeýänligi bilen tapawutlanýar. Ol bu owadan dünýäde päk hem baldan süýji çagalar barada şeýle diýýär:

Begenç ESENOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar