Ýüreklerde orun alan şahyr

4 Dekabr 2024
209

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligini öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilik döredildi. Türkmen taryhynda bolsa öz döredijiligi bilen halkyň kalbynda baky orun alan şahyrlaryň ençemesi bar. Şolaryň biri-de Gurbandurdy Zelilidir. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýegeni bolan bu şahyr 1798-nji ýylda dünýä inipdir. Ol Etrek, Gürgen sebitlerinde önüp-ösüpdir. Ilki obada, soňra bolsa öz döwrüniň belli bilim ojagy hasaplanýan Hywadaky «Şirgazy» medresesinde bilim alypdyr.

Gurbandurdy Zeliliniň döredijiligi köptaraply hem özboluşlydyr. Şahyryň watanperwerligi wasp edýän goşgulary onuň döredijiliginde aýratyn orny eýeleýär. Şolaryň arasynda «Watanym seni» atly goşgusy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Myrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň aspirantura bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar