Ilatyň abadan ýaşaýşy üçin

4 Ýanwar 2021
2112

Ýagşy umyt-arzuwlara beslenip, Täze — 2021-nji ýyl bosagamyzdan ätledi. Abadan şu gününe guwanýan, nurana geljegine çäksiz ynanýan agzybir we bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna belent ruh bilen ynamly gadam goýdy. Täze başlanan ýylyň hem halkymyzyň bagtyýarlygyna we abadançylygyna beslenjekdigine şek-şübhe bolup bilmez. Munuň şeýledigine eýýäm 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden ildeşlerimiziň köpeldilen pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny alyp başlamagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

«Döwlet adam üçindir!» Hormatly Prezidentimiziň şu dünýä nusgalyk ýörelgesi barha we barha dabaralanýar. Ata Watanymyzda ilatyň ähli gatlaklaryny durmuş taýdan goldamak we goramak babatynda bitirilýän işler haýran galdyryjydyr. Ine, indi köp wagtdan bäri her ýylda aýlyk zähmet haklary, pensiýalar hem-de döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary yzygiderli ýokarlandyrylyp gelinýär. Şeýle ilhalar çözgüt Gahryman Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly, mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmeklige gönükdirilendir.

Mämmet GYLYJOW.
Beýleki habarlar