Ýeňiji (Hekaýa)

2 Dekabr 2024
223

Serdar taryh dersini aýratyn gowy görýärdi. Ol bu ugur bilen bagly kitaplary ürç edip okaýardy. Her sapakda mugallymy bilen Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy barada söhbet edip, pikir-garaýyşlaryny paýlaşardy, täze maglumatlar öwrenerdi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralanýan günlerinde geçiriljek dersara olimpiada baradaky habar oglanjygyň geljekki ýeňişleriniň buşlukçysy boldy. Geçen ýyllarda 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan yhlasly oglanjyk indi bu ýylky ders bäsleşiginde 1-nji orna ymtylýardy. «Bäsleşik geçiriljekmişin» diýen habardan soň-a Serdary öýünden gözläbem tapyp bolmady. Eger-de Serdaryň gerekligi çyn bolsa, onda haýal etmän mekdep kitaphanasynyň okalga zalyna baraýmalydy.

Gurban HANDURDYÝEW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiň okuwçysy.
Beýleki habarlar