Ömrümiziň guwanjy, röwşen geljegiň daýanjy

26 Noýabr 2024
412

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň päk ahlakly, terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrüň talabyna laýyk gelýän kompýuterler, tehniki serişdeler, okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynda döwrebap bilim babatdaky işler giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler dürli gurnaklara gatnap, şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýärler, saz çalýarlar. Döredijilik bäsleşiklerine, halkara festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýan, Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri bolýan çagalar öz zehinleri, ukyp-başarnyklary bilen diňe bir öz ata-enelerini däl, eýsem, ähli halkymyzy begendirýär. Watanymyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky edilýän aladalar bimöçber. Ýaş nesiller Gahryman

Ogultylla SARYÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 15-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar