Sungata siňen ömür

26 Noýabr 2024
238

Ýaşan ömründe indiki nesillere-de nusga boljak işleri bitiren ussatlaryň döredijiligini öwrenmek ýaşlar üçin uly mekdep bolup durýar. Türkmen şekillendiriş sungatynda öçmejek yz galdyran şeýle ussatlaryň biri-de Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, professor Aýhan Hajyýewdir.

Aýhan Hajyýew Magtymguly Pyragynyň kanoniki keşbini dörediji hökmünde tanalýar. Beýik şahyryň keşbini döretmek üçin irginsiz zähmet çekmek bilen, suratkeşiň alyp baran giň gerimli gözleg we döredijilik işleriniň netijesinde, 1947-nji ýylda Magtymgulynyň portreti döredilýär. Bu eser bäsleşikde birinji orna mynasyp bolan-da bolsa, Aýhan Hajyýew üçin onuň iň ähmiýetli tarapy garyndaşlary tarapyndan şahyryň keşbiniň gowy kabul edilmegi bolýar. Ol söz ussadynyň hakyky keşbine golaý kanoniki nusga hökmünde ykrar edilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň, şu ýylyň aprel aýynda Aýhan Hajyýewiň hem 100 ýaş toýunyň bellenilmegi aýratyn bellärliklidir.

Gülşat MÄMMETDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar