Güýz gürrüňlerinden (Oýlanma)

25 Noýabr 2024
351

Içimden geçip barýan sowugy daşarda goýup, ahyr öýe girdim. Guratmak üçin elimi peje tutdum. Ekine seretdim penjireden. Ýene aýwalar gaçypdyr. «Özüňde bolsa, hiç zadyň gadyry ýok-da» diýip, yzyma çykdym. Haýdap ýygnamaga durdum olary. Çagakam hezil edip iýsemem, indi nämeden aýwa iýesim gelenokka?

Jaň kakyldy. Alazenzele bolup okuwçylar geçip gitdi deňimizden. «Ha-lap ikilikçi! Ha-lap ikilikçi!» diýip, üýşüp bir oglanjygyň çetine degýärler. Olam aýagaldygyna hersini bir kowalaýar. «Durmuş nähili gowy» diýýän olaryň sesini eşidip. «Ömür nähili süýji» diýýän aýwalara seredip. «Şol wagt çagalyk edip, hernä, Gülşirine bir şeý diýen däldiris-dä?» diýip, iňkise gidýän.

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA,
«Nesil».
Beýleki habarlar