Sebitiň sungata siňen sesi

21 Noýabr 2024
269

12-20-nji noýabr aralygynda Germaniýanyň Berlin şäherinde «Geljek, şu wagt — Merkezi Aziýa» atly aýdym-saz we kinofestiwaly ýaýbaňlandy. Onda Merkezi Aziýanyň sungat ussatlary diňe bir kino we aýdym-saz sungatynda ýeten derejelerini açyp görkezmän, eýsem, bu ugurda kämilligiň basgançaklaryny geçmegiň ýollary barada pikir alyşdylar. Bu halkara sungat forumynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň we Germaniýanyň kinematograflarynyň dürli žanrlarda döreden filmleriniň bäşisi görkezildi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň bu festiwala «Istärin» atly filmi bilen gatnaşmagynda özboluşly many bar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde ýewropaly tomaşaçylara bu filmiň görkezilmegi dostlara türkmeniň kalbynyň açylmagydyr. Festiwaly gurnaýjylaryň maksatlary-da türkmen, gazak, gyrgyz, täjik, özbek halklarynyň ruhy gymmatlyklaryny, şu günki durmuşyny nemes jemgyýetine açyp görkezmekden ybaratdyr.

Festiwaldaky çykyşlaryň guralyşynda-da Merkezi Aziýa halklarynyň ählisi bilen tanyşlyga gatnaşmak mümkinçiliginiň hemmeler üçin elýeter bolmagyna aýratyn üns berlipdir. Muny festiwalyň açylyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hersinden we Germaniýadan üçlük toparlaryň biriniň — jemi 6 toparyň tebigaty, milli saz dessurlaryny açyp görkezýän eserleri bilen çykyş etmegi-de subut edýär. Konsertde Garaşsyz Diýarymyzdan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary S.Atanyýazow, K.Bäşimow we A.Babagulyýew «Türkmenistanyň tebigaty» atly eser bilen wekilçilik etdiler.

Laçyn BABAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar