Babadaýhanly ýaş küştçüler başarnygyny görkezdi

21 Noýabr 2024
297

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, Babadaýhan etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 19-njy orta mekdepde küşt ýaryşy geçirildi. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki bu ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdy.

Okuwçy oglan-gyzlaryň arasyndan akyl-paýhas oýny boýunça ussatlary ýüze çykarmakda nobatdaky ýaryşyň ähmiýeti uly boldy. Okuwçy ýaşlar öz aralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Şol duşuşyklaryň netijesi güýçlüleri öňe saýlady. Etrapdaky 15-nji orta mekdebiň okuwçylary ýaryşyň ýeňijileri boldy. Ikinji orny 17-nji orta mekdebiň topary, üçünji orny bolsa 12-nji orta mekdebiň topary eýeledi.

Ogulbossan SAPARDURDYÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar