Bitaraplyk — synmaz bagtyň güwäsi

15 Noýabr 2024
358

Balkanabat şäherindäki  Nebitçileriň  medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň bilelikde guramaklarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygyna — Halkara Bitaraplyk gününe  bagyşlanyp, «Bitaraplyk — synmaz bagtyň güwäsi» atly dabaraly çäre geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

«Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, paýhasly syýasaty netijesinde gazanylýan ösüşler, guwandyryjy üstünlikler, hemişelik Bitaraplygymyz buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Beýik işler bitaraplyk taglymatyndan gözbaş alyp, ýollarymyza, ykballarymyza nuruny çaýýar» diýip, çärede çykyş edenler buýsanç bilen gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň berkarar ýurdumyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, bagtyýar durmuşymyzy wasp edip ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Jeren Garajaýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar