Äh­lu­mu­my ösü­şiň bäh­bi­di­ne — bi­le­lik­de

14 Noýabr 2024
222

Gazetimizde ozal hem habar berşimiz ýaly, 22 — 24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. 24-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, çykyş etdi.

Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin «Ada­lat­ly äh­lu­mu­my ösü­şiň we howp­suz­ly­gyň bäh­bi­di­ne köp­ta­rap­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy» şy­ga­ry as­tyn­da, gu­ra­ma­da Rus­si­ýa­nyň baş­lyk­lyk et­me­gi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän XVI BRICS sam­mi­ti­ne gat­na­şy­jy­la­ry hem-de hor­mat­ly myh­man­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­läp, öz ne­ti­je­li­li­gi­ni gör­ke­zen «BRICS goş­mak»/«aut­riç» for­ma­ty­nyň gu­ra­ma ag­za ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­la­ra açyk dia­log üçin müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Soň­ra mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra söz be­ril­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da GDA ýurt­la­ry­nyň, Azi­ýa, Af­ri­ka, Ýa­kyn Gün­do­gar we La­tyn Ame­ri­ka­sy döw­let­le­ri­niň Li­der­le­ri, şeý­le hem BRICS bi­len has ýa­kyn gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry bar.

Beýleki habarlar