Babadaýhan dokma toplumy: täzeçil çemeleşmeleriň üstünlikli netijeleri

31 Oktýabr 2024
291

Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde gurulýan, milli ykdysadyýetiň geljegi uly eksport ugurly pudaklarynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de dünýä bileleşigi bilen utgaşykly gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik berýär. Bu ugurdaky ösüşlerde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümine degişli 80-den gowrak kärhananyň hem mynasyp paýy bar. Şolaryň biri-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumydyr.

2021-nji ýylyň 17-nji noýabry! Şol gün diňe bir Babadaýhan etrabynda däl, eýsem, tutuş welaýatyň ýaşaýjylarynyň hakydasynda unudylmajak taryhy waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamy Babadaýhana düşüp, bu ýerde sebitde deňi-taýy bolmadyk dokma toplumy dabaraly açyldy. Kuwwatly toplumyň açylyp ulanmaga berilmegi Hydyr gören türkmen topragynyň gymmaty egsilmeýän, halkyň altyna deňeýän baýlygy — ak pagtany ýurdumyzda dolulygyna gaýtadan işläp, ösen islegleri kanagatlandyrýan ýokary hilli, dürli görnüşli taýýar önümleri öndürmäge şert döretdi.

Baýramberdi GELDIMYRADOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar