Depginli ösýän pudak

30 Oktýabr 2024
349

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Nebitgaz, himiýa we nebithimiýa senagatlary, maşyngurluşyk we beýleki senagat ugurlary ýokary ösüş basgançaklaryna çykarylýar. Bu wajyp ösüşleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk ykdysady syýasaty durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda uglewodorod baýlyklaryny diňe bir ýangyç-energetika serişdesi hökmünde ulanman, eýsem, gymmatly çig mal hökmünde peýdalanyp, köp sanly islegli sintetik önümleri öndürmek üçin ýurdumyzda nebithimiýa we gazhimiýa pudaklarynyň işini ösdürmekde hem ençeme işler alnyp barylýar.

Gülnäzik AŞYROWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar