Mahabatyň gelip çykyşy we ösüş ýoly

28 Oktýabr 2024
281

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Mahabat täze şertlerde. Bazar gatnaşyklaryna geçilmegi bilen, döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň hususylaşdyrma hereketi başlanandan soňra, täjirçilik kärhanalary, gazna we maliýe biržalary, paýdarlar jemgyýetleri döräp başlaýar. Merkezleşdirilen paýlanyşyň aradan aýrylmagy bilen, firmalar mahabatlar arkaly, öz harytlaryny tiz ýerlemekligiň ýa-da gerek bolan harytlary, enjamlary we başgalary edinmekligiň ýollaryny gözläp ugradylar. Şonuň bilen bir wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri — gazetler, kagyz üçin, önümçilik hem-de neşirleri ýerlemek üçin harajatlaryň birden ýokary göterilmegi sebäpli, telewideniýedir radiogepleşikleri bolsa, döwlet tarapyndan goýberilýän pul serişdesiniň ýetmezçiligi zerarly, agyr ýagdaýa düşdüler we batyp galmazlygyň çykalgasyny mahabat işine ýykgyn etmekden gözlediler.

Agamyrat MÄMMEDOW,
«Mahabatyň esaslary».
Beýleki habarlar