Milli fitoterapiýanyň ylmy beýany

16 Oktýabr 2024
362

Häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky durmuşa ornaşdyrylýan ähli özgertmeler halkymyzyň saglygyny gorap saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň on altynjy jildi hem saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine uly sowgat boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edilen bu ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde geçirilip, bu düýpli ylmy işiň XVI jildiniň neşir edilmeginiň diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin däl-de, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem ajaýyp sowgatdygy bellenildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler, dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilen bu ylmy işiň lukmanlaryň güneşli Diýarymyzyň dermanlyk ösümliklerini peýdalanyp, näsaglary bejermek, keselleriň öňüni almak, şeýle-de asyrdan-asyra geçip gelýän ata-babalarymyzyň baý lukmançylyk mirasy bilen gyzyklanmasyny dowam etdirmäge giň mümkinçilik berýändigini bellediler.

Ýazmuhammet ORAZBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar