Halkara merkezler halkyň hyzmatynda

16 Oktýabr 2024
308

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde öňde goýlan wezipeler, ýagny ilatyň saglygyny goramak ugrunda iş alyp barýan saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde belent sepgitlere ýetildi. Şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleri, ilkinji nobatda, adamlaryň saglygyny berkitmekden we keselleriň öňüni almakdan, saglygy goraýyş ulgamyny döwletiň we jemgyýetiň ösüşine laýyklykda ösdürmekden ybarat bolup durýar. Şonuň üçin ilata hödürlenýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak işlerini has-da öňe ilerletmek, hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmek, ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny berkitmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan barlaglary geçirmek wajyp bolup durýar.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzyň merkezinde gurlup ulanylmaga berlen 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ylmyň iň soňky gazanan döwrebap lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Bu merkez dolandyryş ulgamyndan, ylmy-barlag merkezinden, ylmy-kliniki we kömekçi bölümlerden, hojalyk-tehniki we hyzmat ediş gullugyndan, kompýuter, sanly ulgam we audio-wideo aragatnaşyk gullugyndan ybarat bolup, olaryň özara sazlaşykly işlemegi üpjün edilendir.

Begenç HANNYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň doktoranty.
Beýleki habarlar