«Ak altynym» — ak bagtym

8 Oktýabr 2024
349

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Akdepe etrabynyň «Üç kepderi» geňeşliginiň çäklerinde ýerleşýän ekin meýdanlarynda janypkeşlikli zähmet çekýän gallaçy, pagtaçy kärendeçiler we mülkdarlar az däl. Olaryň arasynda has tapawutlanyp zähmet çekýän mülkdaryň biri-de, Yhlas Şermetowdyr. Ol 2020-nji ýylda 116 gektar ýeri 99 ýyllyk möhlet bilen özüne mülk edip aldy. Janypkeş daýhan eýelik edýän ýerini agrotehnikanyň talaplary esasynda öz wagtynda sürüp, suwaryp talabalaýyk bejergi edip, ýylyň-ýylyna oňat netije gazanmagyň hötdesinden gelýär. Şu ýyl Yhlas mülk ýeriniň 90 gektaryna gowaçanyň «Jeýhun», 20 gektaryna bugdaýyň «Sähraýy» sortlaryny ekdi. Mülkdar öz kömekçileri Jennet Halbaýewanyň, Ilmyrat Şermetowyň, Toýlybaý Baýryýewiň, Merdan Annaýewiň, Şatlyk Berdimyradowyň agzybirlikde zähmet çekmekleri bilen her ýyl bol hasyl almagyň hötdesinden gelmegi başardy.

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli edýän tagallalaryndan ruhlanyp, eýelik edýän 116 gektar mülk ýerimde yhlasymy gaýgyrman zähmet çekýärin. Häzirki güne çenli 55 tonna «ak altyny» ýygyp, Watan harmanyna tabşyrdym. Möwsümiň ahyryna çenli 150 tonna pagta tabşyrmaga borçlanýaryn — diýip, Yhlas Şermetow ynamly aýtdy.

Orazmyrat ÇANDYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar