Bilim — ösüşleriň binýady

8 Oktýabr 2024
480

Bilim ýurt ösüşleriniňdir özgertmeleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, ýaşlara berilýän bilimiň kämil bolmagyny üpjün etmek hormatly Prezitentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary hem-de hünär öwrenmekleri, ýaş hünärmenleriň döredijilikli iş alyp barmagy üçin giň şertler döredilýär. Şu günki kämil bilim eýeleri gelejekde kär-hünärinde üstünlikli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar.

Ylym-bilimiň serhedi ýokdur. Adamzat mydama öwrenmäge, özleşdirmäge döwtalap bolansoň, ylmy gözlegler ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň hem ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Adam köp bildigiçe kuwwatly bolýar, öňünde goýan maksadyna erjellik bilen ýetýär. Bilimini tejribede ýerlikli ulanýan adam durmuşdaky üstünlikleriniň binýadyny gurýar. Bilim, zehin, tejribe utgaşanda bolsa, kämillige eltýän menziller abraý-mertebä eýe edýär.

Şirin DÖWLETBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar