Täsirli sapaklary guramagyň terbiýeçilik ähmiýeti

6 Oktýabr 2024
886

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda guralýan sapaklarda her bir temanyň çagalar tarapyndan aňly-düşünjeli özleşdirilmegi, sapagyň oýunlar, görkezme esbaplar, aýratyn-da, häzirki zamanyň döwrebap serişdeleri arkaly guralmagyna baglydyr. Munuň şeýledigine oňat düşünýän terbiýeçi mugallymlar her bir sapagynda multimedia serişdelerinden peýdalanmak üçin taýýarlyk görýärler. Öňki geçilen tema häzirki öwrenilýän tema bilen baglanyşykly bolanda, olaryň utgaşykly öwrenilmegi çagalaryň çuňňur bilim almagyna ýardam edýär. Şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramak terbiýeçileriň esasy wezipeleriniň biridir.

Sapaklarda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek maksady bilen, çagalarda oýun, durmuş, bilesigelijilik başarnyklaryny kemala getirmek üçin ýörite meýilnamalar düzülýär. Sowat öwretmek, sözleýşi ösdürmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak, ýönekeý matematik düşünjeleri öwretmek, aýdym-saz we beýleki sapaklarda çagalar üçin dürli görnüşli görkezme esbaplary taýýarlanylýar. Birnäçe oýun usullary bilen sapaklar guralýar. Halk döredijiligine degişli bolan erteki gahrymanlaryndan hem peýdalanyp, oýunlaryň görnüşleri düzülýär we çagalar bilen bilelikde ýerine ýetirilýär. Bu bolsa çagalar bilen guralýan sapaklaryň has hem täsirli bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Annajahan GURBANOWA,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralary bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar