Hünärli ýaşlar kemala gelýär

6 Oktýabr 2024
570

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde mähriban Watanymyzda ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap mümkinçilikler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýaşlaryň bilimli, hünärli bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň üçin bilim işgärleriniň iş tejribeleri artdyrylýar, okatmagyň iň döwrebap usullary durmuşa geçirilýär. Şunda mugallymlar ýaşlara bilim öwretmek işinde iň kämil usullary ulanýarlar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge, watansöýüji ynsanlar edip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatda ýaşlara ene dilimiz, nusgawy edebiýatymyz, şeýle hem akyldar şahyrymyzyň goşgulary öwredilýär. Bularyň ählisi ýaşlarda Watana bolan söýgini, milli gymmatlyklarymyza buýsanjy kemala getirýär. Halkymyzyň asylly ýörelgesine oňat düşünýän ýaşlar kitap okamagy, bilim öwrenmegi baş maksatlary edinýärler. Olar ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ene diline oňat düşünýän, nusgawy edebiýata belent sarpa goýýan ynsanlar bolup ýetişýärler. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalary giňden ornaşdyrylan döwrebap ylym-bilim ojaklarynda okaýan ýaşlar ata Watanymyzyň ertiri, guwanjy hasaplanýar.

Tirkiş REJEPOW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar