Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäheri ýurdumyzyň häzirki gülläp ösüşiniň ajaýyp nyşany, adam hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy bolup ýalkym saçýar. Dürli maksatly desgalaryň we binalaryň ençemesini özünde jemleýän bu şäheriň birinji tapgyrynyň bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtyň içinde gurulmagynyň özi haýran galdyryjy wakadyr, şol bir wagtda-da buýsandyryjy we guwandyryjy hakykatdyr. Bu “akylly” şäher konsepsiýasynyň iň häzirki zaman innowasion şähergurluşyk taslamasynyň ýaş türkmen gurluşykçylary we hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilmegi buýsanjyňy goşalandyrýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalarda ýaşlaryň mümkinçiliklerine uly ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär.
Arkadag şäheri halkymyzyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen innowasion taslamadyr. Şonuň üçin Arkadag şäherine “ýaşlar şäheri” diýilmegi ýöne ýerden däldir. Bu adalga ýaşlaryň diňe şäheri gurmaga gatnaşandyklary bilen bagly däldir, ol ýaşlaryň şähere siňdiren zähmeti, ukyby, zehini bilen çäklenmeýär. Arkadag şäherinde ýaşajak, zähmet çekjek, bilim aljak, hünär öwrenjek - ösüp-örňejek ilat, esasan, ýaşlardyr. Arkadag şäheri geljegiň şäheridir. Geljek bolsa, elbetde, ýaşlardyr. Ýurdumyzyň geljegini häzirki ýaşlar, onda-da sagdyn ruhly, berk bedenli, watansöýüji, bilimli ýaşlar kesgitleýär.