Maksatlar aýdyň

2 Oktýabr 2024
484

Gahryman Arkadagymyz golaýda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda geljekde hem ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň gurlup, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleri döredilse maksadalaýyk boljakdygyny hem-de dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleri ýa-da olaryň şahamçalary açylsa, ýaşlarymyz üçinem, jemgyýetimiz üçinem bähbitli boljakdygyna ünsi çekdi.

Halk Maslahatynda teklip edilişi ýaly, ýurdumyzda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň we orta mekdepleriň sanynyň artdyrylmagy ýaş nesliň uly bölegini eýýäm irki ýaşlaryndan jemgyýetçilik durmuşyna çekmäge, olarda tertip-düzgüne bolan oňyn garaýşy terbiýelemäge, köpçülikde öz ornuňy tapmak endiklerini kemala getirmäge mümkinçilik berýär.

Jahan ÇÖLÜÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar