Çaga terbiýesinde nakyllaryň ähmiýeti

1 Oktýabr 2024
736

Pähimdar pederlerimiz asyrlaryň dowamynda ajaýyp söz baýlygyny, nakyllary miras goýupdyrlar. Bu nakyllar köpugurly bolup, geljek nesilleri terbiýelemekde mukaddes ýörelge bolupdyr. Şeýle bolansoň, nakyllar, pähimler, atalar sözleri halkymyzyň diliniň senasyna öwrülipdir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda türkmen nakyllarynyň dürdänesi ýerleşdirilipdir.

Nakyllaryň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Çünki terbiýe meselesine örän paýhaslylyk bilen çemeleşmek türkmen halkyna mahsus bolupdyr. Şonuň üçinem çagalary söz bilen terbiýelemek, görüm-görelde bilen mekdep bolmak ýaşuly nesliň asylly ýörelgesine öwrülipdir. Çuňňur many-mazmuna eýlenen sözler çaganyň terbiýesine örän oňat täsir edipdir. Çaga bu pähimleri daşa ýazylan ýaly ýadynda saklapdyr. Munuň özi nakyllaryň ýaş nesli terbiýelemekde gymmatly baýlykdygyndan habar berýär.

Bahar BALKANOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar