1,5 million tonna un eksport eder

30 Sentýabr 2024
484

Russiýa Federasiýasy 2024-nji ýylda 1,5 million tonna un eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu görkeziji geçen ýylyň jemleri bilen deňeşdirilende, ýarym million tonna köpdür diýip, «Interfax» habar berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, ýurduň un eksportyndan alýan girdejisiniň şu ýylyň jemleri boýunça 370 million amerikan dollary töwereginde bolmagyna garaşylýar. Deňeşdirmek üçin, 2023-nji ýylda bu görkeziji 307 million amerikan dollaryna deň bolupdy. Şeýle-de Russiýa 203o-njy ýyla çenli daşarky bazarlara iberilýän unuň mukdaryny 1,7 million tonna ýetirmegi maksat edinýär.

Taýýarlan: Oraz AGALYÝEW, TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar