«Global innowasiýa indeksi — 2024» yglan edildi

30 Sentýabr 2024
414

Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy (WIPO) «Global innowasiýa indeksi — 2024» hasabatyny çap etdi. Dünýä ýurtlarynda ykdysadyýete innowasion çözgütleriň ornaşdyrylyşy esasynda düzülýän reýtingden bu ýyl 133 döwlet orun alypdyr.

Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, reýtingiň birinji basgançagyna ýene-de Şweýsariýa ýerleşipdir. Şeýle-de sanawyň ilkinji onlugynda degişli yzygiderlilikde Şwesiýanyň, ABŞ-nyň, Singapuryň, Beýik Britaniýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Finlýandiýanyň, Niderlandlaryň, Germaniýanyň we Daniýanyň ady getirilýär.

Taýýarlan: Rahat AHMEDOW, TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar