ÝTÖB Merkezi Aziýanyň JIÖ-niň ösüşi boýunça çaklamasyny yglan etdi

30 Sentýabr 2024
361

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň hasaplamalaryna görä, Merkezi Aziýanyň jemi içerki önümi 2024-nji ýylda 5,1 göterim, 2025-nji ýylda bolsa 5,9 göterim ýokarlanar.

Hususan-da, Bankyň bilermenleri 2024-nji ýylda JIÖ-niň ösüşiniň Türkmenistanda 6,3 göterime, Täjigistanda 8 göterime, Gazagystanda 4 göterime, Gyrgyz Respublikasynda 9 göterime we Özbegistanda 6 göterime deň boljakdygyny çaklaýarlar. 2025-nji ýylda bu görkeziji Türkmenistanda 6,3, Täjigistanda 7, Gazagystanda 5,5, Gyrgyz Respublikasynda 7 we Özbegistanda 6 göterime deň bolar.

Taýýarlan: Tawus KULYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Beýleki habarlar