Mahabatyň gelip çykyşy we ösüş ýoly

30 Sentýabr 2024
392

Ilkinji mahabatlaryň peýda bolmagy. Mahabat (reklama) sözi öz köküni «çagyrmak», «gygyrmak» manysyny aňladýan latyn sözünden alyp gaýdýar. Häzirki wagtda-da mahabat düşünjesi maglumatlary ýetirmek, gürlemek kimin häsiýetleri özünde jemleýär.

Mahabat heniz pul oýlanyp tapylmanka, alyş-çalşyň ýüze çykmagy bilen peýda bolýar. Şol döwürlerde adamlar deň derejeli hasaplanylan harytlary alyş-çalyş edipdirler, mysal üçin, geçini ýaraga, aýynyň derisini palta çalşypdyrlar.

Agamyrat MÄMMEDOW, «Mahabatyň esaslary».
Beýleki habarlar