Milli ýörelgelerimiz wagyz edilýär

24 Sentýabr 2024
281

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri, milli ruhda terbiýelenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlary bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik, adamkärçilik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň özeni bolup durýar. Şu belent maksatdan ugur alýan Şabat etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesi etrabyň ähli bilim, terbiýeçilik edaralarynda «Ahlak arassalygy-zenan mertebesi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýär.

Golaýda etrap häkimliginiň, polisiýa bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyklara etrabyň bilim ulgamynda zähmet çekýän zenanlar hem-de okuwçy gyzlar gatnaşdylar. Duşuşykda guralan çykyşlarda halkymyzyň baý ruhy-ahlak gymmatlyklary, zenan asyllylygy, gyz edebi, ata-babalarymyzdan miras galan edim-gylymlar wagyz edildi. Gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy. Şonuň ýaly-da täze taryhy döwrümizde milli mirasymyza sarpa goýup, asylly ýörelgelerimiziň dowam etdirilmegi ugrunda tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Selbi MATKURBANOWA,
Şabat etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar