Welosipedler hakynda maglumatlar

29 Sentýabr 2024
293

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024

We­lo­si­ped­ler eý­ýäm köp wagt­dan bä­ri di­ňe bir sport ula­gy hök­mün­de däl-de, eý­sem amat­ly ulag se­riş­de­si hök­mün­de-de ta­nal­ýar. Olar bi­ziň dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da we­lo­si­ped di­ňe bir ýö­ne­keý­je güý­men­je bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem ol kä­bir adam­lar üçin A no­kat­dan B no­ka­da ba­ryp ýet­mek­li­giň esa­sy se­riş­de­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Dün­ýä­niň köp döw­let­le­rin­de we­lo­si­ped he­re­ket­le­ri­ne, ýö­riş­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. We­lo­si­ped­ler üçin aý­ra­tyn ýo­da­jyk­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Ti­gir sü­rü­ji­le­ri bol­sa ýol he­re­ke­ti­niň do­ly hu­kuk­ly gat­na­şy­jy­la­ry ha­sap­la­nyl­ýar. Eko­lo­gi­ki taý­dan iň aras­sa ulag se­riş­de­si ha­sap­la­nyl­ýan we­lo­si­ped­le­riň ýe­ne-de bir hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­ly­gy ola­ryň aw­to­mo­bil ýol­la­ryn­da dyk­ny­şy­gy eme­le ge­tir­me­ýän­li­gin­de­dir. We­lo­si­ped­le­riň meş­hur­ly­gy şeý­le bir art­ýar we­lin, ola­ry in­di hat­da aw­tou­lag­lar­dan hem köp sa­tyn al­ýar­lar. Ulag se­riş­de­si­niň bu gö­rnü­şi­ne bo­lan is­leg­le­riň gün­sa­ýyn art­ýan­ly­gy­ny göz öňün­de tu­tup, ola­ryň daş­ky dur­ky döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de özü­niň öz­bo­luş­ly di­zaý­ny we gym­mat ba­ha­sy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bir­näçe we­lo­si­ped­ler bar. Ge­liň, ola­ryň kä­bir­le­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň.

Taý­ýar­lan Aý­nur Ta­gan­ber­di­ýe­wa,
Bal­ka­na­bat şä­he­ri­niň Gum­dag şä­her­çe­sin­dä­ki 29-njy or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy.
Beýleki habarlar